Ï Daşoguz welaýatynyň telekeçilik düzümleri gök-miwe önümlerini ýetişdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň telekeçilik düzümleri gök-miwe önümlerini ýetişdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýärler

view-icon 1470
Türkmenistanyň demirgazygynda dürli kuwwatlylykly we dürli önümleri ýetişdirýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Atamyrat Arslan» hususy kärhanasy S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginde gök ekinleri ýetişdirmek boýunça toplum gurýar. Ol döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanylmaga berlen bäş gektar ýeriň üç gektaryny eýeleýär. Şu günler pomidor ýetişdirmek üçin amatly şert döretmek we awtomatik gözegçilik üçin enjamy oturtmak işine girişildi.

Şol etrabyň «Magtymguly» daýhan birleşiginde «Atalyk gurlyşyk» hususy kärhanasy ýyladyşhana hojalygyny gurýar. Tapgyrlaýyn bina ediljek desga ýedi gektar meýdany tutar we pomidor ýetişdirer.

Oba senagat toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürdirmek hem-de olary eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň jähtinden Daşoguz welaýatynda ýokary tehnologiýaly ýyldyşhana hojalyklary gurulýar we hereket edýär. Olaryň aglaba bölegini telekeçilik birleşmesiniň wekilleri gurdylar, olaryň oba hojalyk önümçiliginiň şu ugurdaky işjeňligi döwlet tarapyndan amatly maliýe-ykdysady şertleriň döredilmegi bilen şertlendirilýär.