Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde audiogezelenç işlenilip taýýarlanylýar. Täze hyzmat (fonogramma, şeýle hem ony eşitdirer ýaly enjam) bu ýere gelýänlere muzeý eksponatlary bilen özbaşdak tanyşmaga mümkinçilik berer, onda edaranyň taryhy, onuň düzümleri we tematiki kolleksiýalary barada maglumatlar bolar.
2011-nji ýylda açylan Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde medeni-magaryf işlerini geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Onuň gorlarynda arheologik we etnografik artefaktlar, amaly-haşam sungatynyň we halk senetçiliginiň eserleri, özboluşly raritetler ýaly eksponatlaryň on bir müňden gowragy bar.Muzeý döwrebap tehniki serişdeler, şol sanda sensorly wideomonitorlar bilen üpjün edilen.
Muzeý işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Muzeýiň saýtynda möhüm täzelikler bilen tanşyp we sergi bölümlerine wirtual syýahat edip bolýar.