Ýygymda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlaryň 130-sy we ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglaryň ençemesi ulanylýar. Şaly demirgazyk sebitde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň esasan bu ekine ýörüteleşdirilen hojalyklarynyň ikisinde ýetişdirildi. Ony gaýtadan işlemek üçin döwlet tarapyndan kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna çenli şalyny gaýtadan işlemäge niýetlenen we ekarançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün edýän ýokary tehnologiýaly kärhana guruldy.
Gallaçylyk pudagy Daşoguz welaýatynyň obasenagat toplumynyň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Bu ýerde şalydan başga-da, köp möçberde beýleki däneli we kösükli ekinler hem ýetişdirilýär. Mysal üçin, şu ýyl mäş, künji, noýba öndürilişi ep-esli artdyryldy. Döwlet tarapyndan olary ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilen, bu bolsa ýerli ekarançylara ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilik berýär.