Daryny esasy ekinleriň ýygymy we ekişi aralygynda aralyk ekin hökmünde netijeli ulanyp bolar. Daşoguzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň tejribe-okuw hojalygynyň meýdanynda kösükli bu ekinden gowy hasyl alan hünärmenler şeýle netijä geldiler. Olar daryny güýzlik galla ýygnalan atyza ekdiler. Bäş gektardan gowrak ýeriň her gektaryndan 15-20 sentnet hasyl alyndy. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ekini ýetişdirmegiň tejribesi geljekde onuň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Gurak toprakda az wagtda ýetişýän, yssa durnukly dary aralyk ekin hökmünde has peýdalydyr.
Ýurduň oba senagat toplumynyň öňünde oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça goýlan wezipeleri amal etmäge oba hojalyk ýokary okuw mekdepleri, olaryň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleri işjeň gatnaşyp, seçgi we tohumçylyk, dürli ekinleri ýetişdirmegiň agrotehnikasyny kämilleşdirmek babatda uly işler alyp barýarlar.
Mysal üçin, Türkmen oba hojalyk instituty sebitiň ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny öwrenmek, demirgazyk sebitiň howa şertlerinde köpçülikleýin ýetişdirmäge ýaramly we topragyň hasyllylgyny ýokarlandymaga oňyn täsir edýän dürli ekinleri ýetişdirmek boýunça yzygiderli iş alyp barýarlar.
Meselem, geçen ýyllardaky ýaly, bu ýerdäki tejribe-okuw hojalygynda sekiz gektar meýdanda jöwen ýetişdirilip, onuň her gektaryndan 30-40 sentner hasyl alyndy. Guraklygya durnukly, az wagtda ýetişýän bu ekin amatsyz şertlere çalt uýgunlaşýar we islendik, şol sanda şorlaşan toprakda hem ösýär.
Demirgazyk sebitde esasan ekarançylaryň özi üçin ýetişýän ekini bolan jöwen guşlar we mallar üçinem ýokumly iýmitligi hem ony köpçülikleýin ýetişdirmegiň netijeliligini şertlendirýär. Ol datly tagamlary taýýarlamakda hem giňden ulanylýar. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda süýt we gara çaý bilen äberilýän gowrulan darydan sök , jöwenden köje, jöwen unundan kütük we beýleki tagamlar bişirilýär.