Bu şahsy düzüm S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň J. Hudaýbergenow geňeşliginiň «Garagum-1» obasynda täze elektrik geçirijisini gurdy. Bu ýerde bäş ýarym kilometrde kuwwatlylygy 0,4 kilowolt we iki kilometre golaý ýerde hem kuwwatlylygy 10 kilowolt elektrik geçirijileri gurnaldy. Obada oturdylan kuwwatlylygy 250 kWa bolan täze toplumlaýyn transformator kiçi bekedi ýerli sap edijileriň elektrik energiýasyna talabyny üpjün eder.
Hojalyk jemgyýeti Akdepe etrabynyň obalarynda hereket edýän elektrik geçirijileriniň hem durkuny täzeledi, bu ýerde kuwwatlylygy 10 we 0,4 kilowolt elektrik geçijileriň sekiz kilometre golaýy täzelendi. Ýakyn wagt ol S.A. Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň «Şor ýer» obasynda täze elektrik geçirijisiniň gurluşygyna girişer, bu ýerde hem täze toplumlaýyn transformator kiçi bekedi oturdylar.
«Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk jemgyýeti iri we köpugurly telekeçilik düzümleriniň biridir; onuň kuwwaty dürli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ol esasan gurluşykda we dürli inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň durkuny täzelemekde iş alyp barýan bolsa-da, jemgyýetiň ýag-süýt önümlerini çykarýan hususylaşdyrylan kärhanasy bar, şeýle hem ol et we süýt öndürýän sebitde iri maldarçylyk fermasyny gurýar. Işleriň ýokary hilli amal edilmegi we üstüne alan borçlaryny öz wagtynda ýerine ýetirmegi ony ýeterlik iş tabşyryklary bilen üpjün edýär.