Entek güýzki hasylyň jemi jemlenmedik bolsa-da, ýerli babadaýhanlaryň kartoşkanyň ýylda iki hasylyny ýetişdirmekde tejribe toplandygyny aýtsa bolar, bu bolsa geljekde olara kartoşka ýetişdirmegi we munuň üçin başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, S.A. Nyýazow adyndaky etrapda 300 gektar ýere güýz ekilen kartoşkadan «Nowbahor» daýhan birleşiginiň ekarançylary şu güne çenli bir ýüz dokuz tonna hasyl aldylar. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň «N.Andalyp» we «Şawat» daýhan birleşiklerinde atyzlardan iki ýüz ýigrimi bäş tonna kartoşka ýygnaldy.
Güýzki hasyl sebitde şu ýylyň tomsunda ýygnalan 56 müň tonna kartoşkanyň üstüne saldamly goşant bolar. Munuň özi döwlet tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde ýurdumyzda ähli ýerde oba hojalyk ekinleriniň öndürilişiniň artýandygyna, onuň bolsa, öz gezeginde, azyk bolçulygyny berkitmäge ýardam edýänligine şaýatlyk edýär.