Ï Ýyladyşhana hojalyklary, innowasion usullar we iş orunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýyladyşhana hojalyklary, innowasion usullar we iş orunlary

view-icon 6180
Ýyladyşhana hojalyklary, innowasion usullar we iş orunlary
Ýyladyşhana hojalyklary, innowasion usullar we iş orunlary
Ýyladyşhana hojalyklary, innowasion usullar we iş orunlary
Ýyladyşhana hojalyklary, innowasion usullar we iş orunlary
Ýakyn ýyllarda Türkmenistanda ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdany birnäçe esse artar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, oba hojalyk sebitlerinde umumy meýdany 1375 gektar bolan ýyladyşhanalaryň 150-si gurulýar. Oba hojalyk ekinlerini ýapyk şertlerde ýetişdirýän hususy pudagyň hojalyklarynyň bir bölegi eýýäm gök-miwe ekinlerini ýetişdirmäge girişdiler. Häzirki wagtda umumy meýdany 350 gektardan gowrak ýyladyşhana hojalyklarynyň ýüzden gowragy işledilýär. Hojalyklaryň köpüsi döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlary we ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullaryny ulanyp, ýapyk toprakda ýylboýy pomidor ýetişdirýärler.

Ýyladyşhana hojalyklary azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýe boldular. Olar ilaty ýylboýy ter gök önümler bilen üpjün edýärler, iş orunlaryny döredýärler. Türkmenistanyň hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri içerki we daşarky bazarlary pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň, ýertudananyň we beýleki azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün edýärler. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýapyk toprakdaky ýerlerden 33 müň tonnadan gowrak pomidor alyndy, munuň özi geçen ýyldakydan birnäçe esse ýokarydyr. Türkmenistanyň ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilýän pomidor GDA bazarlarynda meşhurlyk gazanyp, ýurduň esasy eksport harytlarynyň birine öwrüldi. Diňe 20202-nji ýylda daşary ýurtlara 17000 tonna golaý pomidor ugradyldy.

Ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök-miwe önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, oba hojalygynyň umumy ösüşine ýardam eder. Käbir hususy hojalyklar banan we sitrus ekinlerini ýetişdirmegi öwrendiler. Şu ýyl olaryň mysalynda ýurdumyzda ösümlikleriň şu görnüşlerini köpçülikleýin ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.