Ï Gowaça ýetişdirmäge isleg artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gowaça ýetişdirmäge isleg artýar

view-icon 6441
Şu ýyl şahsy düzümler Türkmenistanyň demirgazygynda pagta öndürilişine saldamly goşant goşdular. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky «Gülälekli depe» daýhan hojalygy 700 gektar meýdandan bir ýarym müň tonnadan gowrak gymmatly çig mal aldy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden ep-esli köpdür we möçberi babatda käbir daýhan birleşikleriniňkä barabardyr. S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän «Mähirli bakyş» daýhan hojalygy 460 gektar ýerden bir müň tonnadan gowrak orta süýümli pagta öndürdi. S. Türkmenbaşy etrabyndaky «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti 235 gektar meýdandan 400 tonnadan gowrak hasyl aldy.

Pagtaçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynda esasy pudaklaryň biridir. Döwlet tarapyndan berilýän netijeli goldaw, ýurdumyzyň oba hojalyk ekinlerini öndürijileriniň yzygiderli höweslendirilmegi ýerli telekeçilerde bu ugurda işlemäge höwes döredýär. Mysal üçin, «Zeýtun güli», Mizemez ynam», «Täsin tebigat», «Han depe» we beýleki daýhan hojalyklary beýleki ekinler bilen birlikde, gowaça hem ýetişdirýärler. Şahsy düzümleriň pagta öndürmäge şeýle isleg bildirmegi önümleriniň aglaba bölegi eksport edilýän dokma senagaty ösen we ýokary tehnologiýaly pagta egriji fabriklri bolan sebit üçin uly ähmiýete eýedir.