Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şäherlerde we ilatly ýerlerde uly möçberli gurluşyklaryň alnyp barylmagy halkyň durmuş derejesini we hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Şäheriň merkezinde köne binalaryň ornuna gurulýan ýaşaýyş jaý toplumyna döwrebap şäher gurluşyk işiniň, ýer we tebigy serişdelerden rejeli hem-de aýawly peýdalanmagyň şowly mysaly diýse bolar. Şäher gurmagyň şeýle ýörelgesi diňe bir sebitiň dolandyryş merkeziniň binagärlik keşbine täzelikler girizmän, eýsem bar bolan durmuş düzümlerini we inženerçilik kommunikasiýlaryny hem-de binalaryny ýerlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.
Täze jaýlar bina edilende Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan şähergurluşyk syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, olaryň amatlylygyna, ýerlikliligne we ygtybarlygyna, ekologiýa talaplaryna laýyk gelşine üns berilýär.
Täze jaýlaryň öýleri giň. Mysal üçin, dört otagly öýüň umumy meýdany 204 inedördül metr, öýleriň ählisiniň depeligi – üç metr otuz santimetr.
Olarda amatly durmuş üçin ähli şertler döredilen, ýaşaýyş otaglaryndan başga-da, dürli ähmiýetli goşmaça otaglar bar. Bezeg işlerinde ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Täze jaýlaryň açylyş dabaralaryna welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulylar, ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazlar ýaňlandy, binalary gurmakda tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň telekeçileriniň döwlet tarapyndan netijeli goldanylmagy gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam edýär, diýip nygtadylar. Ýygnananlar ilatyň durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna ýardam edýän durmuşa gönükdirilen syýasaty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.