Ï Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary

view-icon 3663
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary
Ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.

Gymmaty 100 manat bolan täze şaýy pullar taýýarlamagyň ýylýazgysynda özboluşly orun eýeleýän häzirki zaman numizmat gymmatlyklarynyň üstüni ýetirdi.

Ýadygärlik şaýy pullary Merkezi bank tarapyndan ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň, döwlet baýramçylyklarynyň we şanly seneleriň hormatyna çykarylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Munuň özi täze şaýy pullaryň bezeg aýratynlyklarynda we degişli mowzugynda öz beýanyny tapýar.

Häzirki zaman wakalaryny alamatlandyrýan bezeg aýratynlyklary bilen, täze teňňeler diňe bir çeperçilik gymmatlygyna, özboluşly bezege eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň milli gymmatlyk hökmündäki ähmiýeti ýokarydyr.

Täze şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde dogup gelýän günüň şöhleleriniň arasynda “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýylyň baş nyşany şekillendirildi. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” diýen ýazgy, aşaky böleginde “1995-2020” sanlary ýerleşdirildi.

Şeýle hem onuň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy ýerleşdirilipdir. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY”, aşaky böleginde bolsa “ÝÜZ MANAT” diýen ýazgy bar. Mundan başga-da, bu ýerde gymmat bahaly metalyň mähegi we agramy görkezilipdir.

Au 916,7 altyn şaýy pulunyň agramy 39,94 grama, Ag 925 kümüş şaýy pulunyň agramy bolsa 28,8 grama deňdir hem-de diametri 38,61 millimetr. Täze şaýy pullaryň özboluşly öwüşgini bolup, ýerleşdirilen şekilleriň iň kiçi çyzgylaryna çenli anyk görünmegi olaryň tapawutly aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şaýy pullara beren güwanamasy olaryň halkara ölçeglerine kybap gelýän “pruf” hilini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda täze şaýy pullary Singapuryň dünýä belli döwlet ordenlerini, sylaglary we medallary döretmekde ýöriteleşdirilen “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.
***


Türkmenistanyň Merkezi banky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň dekabr aýynda 1,5,10,20,50 we 100 manatlyk banknotlaryň täze modifirlenen nusgalaryny dolanyşyga goýberdi. Banknotlaryň ýüz tarapynyň reňki we şekili öňki görnüşde saklanyp, olaryň ählisinde “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany şekillendirilendir.

Üýtgedilen banknotlaryň arka tarapynda täze gurlan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we Konstitusiýa binasynyň şekilleri we 2014-nji ýylyň banknotlarynda şekillendirilen binalar ýerleşdirilendir. Bu üýtgetmeler banknotlaryň gorag alamatlaryny güýçlendirmek we goragyň görüp bolýan elementlerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.

2020-nji ýylyň nusgasyndaky banknotlaryň gorag alamatlary güýçlendirildi, şol sanda, olaryň ählisiniň ýüz tarapynda şekillendirilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany älemgoşar çap ediş usulynda ýerine ýetirilendir. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çykarylan senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezilýär.

Türkmenistanyň çäginde bu banknotlar eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky banknotlaryň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamagyň zerurdygyny ýatladýar!

Size Türkmenistanyň çäginde dolanyşykdaky banknotlaryň we şaýy pullaryň resmileşdirilişi we hakykylyk alamatlary baradaky maglumatyň Internetde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sahypasynda şu salgyda ýerleşdirilendigini habar berýäris: https://www.cbt.tm

Bölümiň soňky habarlary