Ï Naýbaşy halylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Naýbaşy halylar

view-icon 479
Halajyň çeper halyçylyk fabriginiň çeper elli işgärleri ýene bir naýbaşy haly –168 inedördül metr tegelek haly dokadyalr. Täze haly ýerlikli reňkleri, nepisligi, gözelligi bilen göreni haýran edýär.

Ýurdumyzyň iri haly kärhanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýini täze sepgitler, şu ýyl berlen möhüm tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bellediler. Bu ýerde kärine ussat halyçylar zähmet çekýärler, olaryň 20-sine döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýlen hormatly at dakyldy.

Kärhanada TDH-nyň habarçysyna habar bermeklerine görä, ýylyň başyndan bäri bu ýerde 10,5 müň inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy, onuň 850 inedördül metri tabşyrykdan artykdyr. Bu bolsa ýyllyk tabşyrygy möhletinden öň berjaý etmäge mümkinçilik berdi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende haly önümleriniň möçberi ep-esli artdy.