Ï Zehinli türgenler barha köpelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehinli türgenler barha köpelýär

view-icon 4710
Zehinli türgenler barha köpelýär

Daşoguz welaýatynda zehinli ýaş welosipedçi türgenleriň ençemesi ýetişip gelýär. Olaryň köpüsi Daşoguz şäherindäki 4-nji çagalar-sport mekdebiniň okuwçylarydyr. Mysal üçin, häzir Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Arazmyhammet Nurmedow şosse ýaryşlary we trek boýunça iki gezek ýurdumyzyň Kubogyny eýeledi, Daşoguzyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Agajan Muhammedow öz ýaş toparynda şosse ýaryşlary we trek boýunça ýurduň birinjiliklerinde ýeňiş gazandy, 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saryhan Nurmedow şosse ýaryşlarynda deň-duşlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionatynda bürünç medala myansyp boldy. Hünärmenler bu türgenleri Türkmenistanyň ýygyndy toparyna dalaşgärler hasaplaýarlar. Ýurduň baş toparyna dalaşgärleriň arasynda geljegi uly türgenleriniň biri hasaplanylýan ýigrimi ýaşly Aýjemal Baýramowa we mekdebiň tälimçisi Emir Jumaýew hem bar. Welosipedçi türgenler tejribeli halypa Muhammet Nurmedowyň ýolbaşçylgynda türgenleşýärler, olar şu günler sport mekdebiniň ajaýyp enjamlaşdyrylan trenažýor zalynda umumy beden taýýarlygyny geçýärler. Howa gowy bolanda olar şäheriň owadan ýerlerinde gysga aralyga we depginli türgenleşikler geçirýärler. Olaryň taýýarlyk tertibinde Olimpiýa şäherjigindäki ajaýyp ýapyk welotrekde taýýarlyk geçmek üçin Aşgabada gitmek hem bellenilipdir, bu ýerde şu ýyl welotrek ýaryşlary boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Zehinli türgenleriň köpelmegi Daşoguz welaýatynda bedenterbiýäniň we sportuň, şol sanda welosiped sportunyň barha ösmegi bilen baglanşyklydyr. Ýurduň demirgazyk sebitinde köpugurly sport düzüminiň bolmagy muňa ýardam edýär, onuň düzüminde döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän stadionlaryň 15-si we çagalar-ýetginjekler mekdepleriniň 29-sy bar. Desgalaryň esasy bölegi dürli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda guruldy. Olardaky bölümlerde çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň müňlerçesi ýokary hünärli mugallymlardyr türgenleriň 500-den gowragynyň ýolbaşçylgynda tälim alýarlar. Sport edaralarynda tälim berilýän otuz alty ugruň 21-niň sportuň olimpiýa görnüşlerine degişlidigini bellemek gerek.