Ï Ýürege ýakyn, ýürekden aýdylýan köp sesli aýdym – a kapella
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýürege ýakyn, ýürekden aýdylýan köp sesli aýdym – a kapella

view-icon 5204

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halkara onlaýn-duşuşyklary tapgyry Amerikanyň «re Voiced» wokal toparynyň konserwatoriýanyň, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk orta hünär mekdebiniň, şeýle hem welaýatlaryň  sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary bilen bilelikdäki wirtual-konserti bilen jemlendi.

«A kapella» žanryna bagyşlanan wideo aragatnaşygy arkaly guralan  okuw konsertini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Metýu Klimou açyp, bu dostlukly we medeni çärä gatnaşýanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendi.

Ine-de, ekranda amerikaly aýdymçylar topary sesleriniň ýakymly sazlaşygy bilen aşgabatly diňleýjileri özüne maýyl edýär. Haýal depginde mylaýym we ýürege ýakyn aýdymlar yzyly-yzyna ýaňlanýar. Bu žanra gadymy köp sesli aýdymlar  kybap geläýjek ýaly welin, amerikaly ýaşlar onuň döwrebap ulanylmagynyňam has täsirlidigini subut etdiler.

Türkmenistan tarapyndan Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýew çykyş edip, bu wokal žanry barada gürrüň berende, hor bölümleri bolan sazçylyk okuw jaýlarynyň ählisinde « a kapella» žanrynyň hökmanydygyny belledi.

Konserwatoriýanyň uUy zalynyň sahnasyna yzly-yzyna  konserwatoriýanyň we D. Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk orta hünär mekdebiniň hor toparlary çykyp, Durdy Nuryýewiň sazyna «Çal, dutarym» we «Bibijan» halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Welaýatlaryň toparlary onlaýn-görnüşde çykyş etdiler. Olar Prezidentimize bagyşanan «Arkadag», türkmensitanlylaryň halaýan «Küştdepdi»  we beýleki aýdymlary döwrebap heňde aýtdylar.

Okuw konserti diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem gaýry yklymlarda dürli wokal mekdepleriniň aýdymlaryny diňlemäge we olary deňeşdirmäge mümkinçilik berdi. Iň esasy-da, bu çäre  -- diňe bir ses bilen däl, eýsem ýürek bilen aýdylýan aýdymlara wokalçylaryň hem-de diňleýjileriň höwesiniň artýandygyny görkezdi.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Alekseý GIMALITDINOW