Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habar

view-icon 2276

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we 1946-njy ýylda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakyndaky Konwensiýasyna laýyklykda, bu guramanyň işgärleriniň Türkmenistana gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap: 

  • Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga, ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi;

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bolan daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary Türkmenistanda iş alyp barýan döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar. 

Resminama bilen, Daşary işler ministrligine ýokarda beýan edilenler barada Birleşen Milletler Guramasyna habar bermek tabşyryldy. 

Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.