Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Oňa Merkezi saýlaw toparynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň çäklerinde, şu güne çenli ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň jemi 111-si hödürlenildi. 

Olaryň 20-si Ahal welaýatyndan, 21-si Balkan welaýatyndan, 18-si Daşoguz welaýatyndan, 18-si Lebap welaýatyndan, 17-si Mary welaýatyndan hem-de 17-si Aşgabat şäherinden hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanýar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklygynyň we giň bäsdeşliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, ilaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli içeri hem-de daşary syýasaty, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalary we syýasy-demokratik özgertmeleriň mazmuny hem-de maksatlary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek, dürli derejedäki çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habarlary diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň arasynda geçirilýän düşündiriş işlerine ähmiýetli ornuň degişlidigi nygtaldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmeginde saýlaw toparlaryna anyk we sazlaşykly işi alyp barmak boýunça aýratyn jogapkärçilik degişlidir. Çünki Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary ses bermegi guraýarlar we saýlawlaryň jemlerini jemleýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň demokratiýa, aç-açanlyk, adalatlylyk, kanunyň rüstemligi esasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny, adamyň hem-de raýatyň kanunyň öňünde deňligini hem-de hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de kabul etmegi, jemgyýetçilik pikirini hasaba almagy ileri tutmak esasynda hereket etjekdigine ynam bildirdi. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasynda goýlan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini nygtap, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna hödürlenen 17 dalaşgäre bellige alnandygy baradaky şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Mejlisde başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.