Ï Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti – ynsanperwerlik ýolunyň dabaralanmasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti – ynsanperwerlik ýolunyň dabaralanmasy

view-icon 104
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti – ynsanperwerlik ýolunyň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň amala aşyrýan işleri sözüň doly manysynda ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmeklige gönükdirilendir. Ýurdumyzda hereket edýän bu jemgyýetiň onuň halkara möçberinde kabul edilen ýörelgeleri bilen sazlaşmagy, bu jemgyýet bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy bellenilmäge mynasypdyr.

Baş ýörelgesi ynsanperwerlik, baş aladasy adamlaryň parahat, asuda, bagtyýar durmuşy, birek-biregi goldamak bolan bu halkara jemgyýetiň Türkmenistanda hereket edip başlamagynyň – Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň bir asyrlygy mynasybetli Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahatda hem şu mukaddes ugurlar, onuň ähmiýeti baradaky çykyşlara giň orun berildi. Milli jemgyýetiň welaýat we etrap bölümleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, meýletinçileriň hem-de bu jemgyýetiň weteranlarynyň gatnaşan bu maslahatynda edilen çykyşlarda jemgyýetiň döredilen gününden bäri ýerine ýetirilen ynsanperwer işler barada söhbet edildi.

– Mälim bolşy ýaly Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 7 ugurdan ybarat esasy ýörelgeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýan ynsanperwerlige, beýik adamkärçilige, dünýäde parahatçylygy üpjün etmeklige, dost-doganlyga, birek-birege ýardam bermeklige gönükdirilen içeri we daşary syýasaty bilen gabat gelýär. Bu jemgyýetiň baş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün etmeklikdir – diýlip, çykyşlarda nygtalyp bellenildi. Milli jemgyýetiň baş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda meýletinçiler bilen ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işlere seljerme berildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda bu jemgyýetiň alyp barýan işleri baradaky wideoşekillere tomaşa edildi. Maslahatda ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek, olary durmuş taýdan goldamak, bu işlere ýaşlaryň we meýletinçileriň işjeň gatnaşmagyny gazanmak boýunça Milli jemgyýetiň bölümlerinde ýola goýulýan işleriň ähmiýeti dogrusynda hem çykyşlar edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem-de meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan giň göwrümli sergä hem syn etdiler.