Ï Ýurduň demirgazygynda iri maldarçylyk fermasy gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň demirgazygynda iri maldarçylyk fermasy gurulýar

view-icon 6465

Daşoguz welaýatynda inžener-tehniki kommunikasiýalary gurmaga ýörüteleşen «Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk jemgyýetiniň işgärleri   täze iş ugruny – oba senagat önümçiligini özleşdirýärler. Hojalygyň hünärmenleri Ruhubelent etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde 1200 baş gara mal saklamaga niýetlenen iri maldarçylyk fermasyny bina edýärler.

Bu taslamany durmuşa geçirmegi şertlendirýän ýagdaýlaryň biri-de  ýurdumyzda iri ýag-süýt önümlerini öndüriji «Şawat» APJ-niň Hojalyk jemgyýetiniň düzümine girýänligidir.

Fermany gurmak üçin döwlet tarapyndan hususy düzüme uzak möhletleýin ulanmaga 600 gektar ýer bölünip berildi. Onuň on ýedi gektary zerur desgalaryň gurluşygyna ulanylar, galan meýdany tapgyrlaýyn  iýmlik binýady döretmäge niýetlenendir.

Bu ýerde  mallary saklamak üçin iki jaýyň gurluşygy tamamlandy, sygyr sagýan bölüm bina edilýär. Suw saklanylýan rezerwuarlar we tehniki ähmiýetli toplum, şeýle hem kärhananyň edara jaýy, naharhana hem-de fermanyň işgärleri üçin jaý ulanylmaga taýýar edildi.

Iýmlik binýady özleşdirmek hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli eýýäm 250 gektar tarp ýerden ýorunja, sudan oty, iýmlik mekgejöwen we beýeki ösümlikler ýygnalýar. Şu ýyl ýene 100 gektar meýdany ulanyşa girizmek göz öňünde tutulýar.

«Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk fermasynyň işe girizilmegi bilen ol göz öňünde tutulan zootehniki düzgünlere we sanitar kadalara berk eýeriljek ýokary tehnologiýaly hojalyk bolar. Ýörüteleşdirilen döwrebap  enjamlar bilen üpjün ediljek ferma ýylda sarp edijilere 100 tonna süýt we 300 tonna et ugradar.

Batyr ÖRÄÝEW