Ï Iýun aýynda türkmen futbolçylary Koreýa Respublikasynda 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklaryny geçirerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iýun aýynda türkmen futbolçylary Koreýa Respublikasynda 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklaryny geçirerler

view-icon 5874

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna galan saýlama oýunlarynyň üçüsini Koreýa Respublikasynda geçirerler. Aziýa futbol konfederasiýasy şeýle karar kabul etdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň bäş tapgyrdan soň 9 utuk bilen«Н» toparda birinji orny eýeleýandigini, onda Koreýa Respublikasynyň (8 utuk) Liwanyň (8 utuk), KHDR-nyň (8 utuk), Şri-Lankanyň (utuksyz) ýygyndy toparlarynyň çykyş edýändigini ýatladýarys. Ýöne Koreýa Respublikasynyň futbolçylary bir oýun az oýnadylar.

Bu toparyň ýaryşy 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda başlanypdy. Onuň barşynda türkmenistanlylar öz meýdançasynda we myhmançylykda Şri-Lankanyň toparyny şol bir 2:0 hasabynda utupdylar, Aşgabatda KHDR-yň toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykyp, öz meýdançasynda Koreýa Respublikasyndan bäsdeşlerinden 0:2 we myhmançylykda Liwanyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda utulypdylar.

2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna galan saýlama oýunlaryny Türkmenistanyň ýygyndy topary öz meýdançasynda Liwanyň topary, myhmançylykda -- Koreýa Respublikasyndan we KHDR-dan bäsdeşleri bilen oýnamalydy. Emma milli Assosiýasiýalar bilen maslahatlar netijesinde Aziýa futbol konfederasiýasy 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna jemleýji saýlama oýunlaryny 8 ýurtda geçirmegi karar etdi.

«Н» toparyň saýlama ýaryşy 3-nji iýundan 15-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynda geçiriler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary 3-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen duşuşar, 11-nji iýunda Liwanyň futbolçylarynyň garşysyna oýnar we 15-nji iýunda KHDR-yň ýygyndysynyň garşysyna oýun bilenem ýaryşy jemlär.

Saýlama ýaryşyň ikinji tapgrynyň netijesi boýunça 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň aýgytlaýjy tapgyryna ýygyndylaryň 12-si – toparlaryň ýeňijileriniň 8-si we toparlarda ikinji orny eýelän güýçli ýygyndylaryň 4-si çykar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi