Germaniýaly, gruziýaly we özbegistanly telekeçiler «Läläzar Zaman» hususy kärhanasynyň täze önümini -- polimer opalubka listlerini satyn aldyalr. Şu ýylyň mart aýynda plastik opalubkanyň uly tapgyry -- 700 list töweregi Türkiýä ugradylar.
Ýerli kompaniýalar hem oňaýly we ýokary hilli gurluşyk materialyna ýokary baha berdiler. Kärhananyň çykarýan plastik monolit opalubkasy çygyň we gyzgynyň täsirine çydamlydyr. Ulanylyş möhleti tamamlanandan soň ony gaýtadan işläp bolýar.
2012-nji ýylda döredilen «Läläzar Zaman» hususy kärhanasy plastikden önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bezeg işleri üçin günde 10 müň metre çenli ýokary hilli gurluşyk materiallaryny çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda kärhanada poliwinilhloridden asma profilleriň onlarça görnüşi, asma bamlar üçin plastik yşýapgyçlar, 2 we 3 zolakly karnizler we dürli ölçegli kabel kanallary, bir gezek ulanylýan gaplar, süýt we et önümleri üçin gaplar çykarylýar.
Kärhanada ýerli çig mal – Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky (Balkan welaýaty) polimer zawodynyň önümleri ulanylýar. Häzir zawodda ekologiýa taýdan howpsuz we arassa önümiň ýigrimä golaý görnüşi çykarylýar.
Geçen ýyl telekeçiler daşary ýurtlara 165 tonnadan gowrak plastiki önüm ugratdylar. Baýramalyda ýerleşýän bu kärhananyň önüminiň aglaba bölegini – ABŞ-nyň 110 müň dollardan göwrak harydy --Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň wekilleri satyn aldyalr.
Wladimir KOMAROW