Paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň tematiki ekspozisiýasynyň guramaçylary Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe şekillendiriş sungaty eserleri arkaly syn etmegi teklip etdiler.
Owadan bahar gülleri, şadyýan çagalar, ajaýyp şäher we oba manzarlary, erkek adamlardyr zenanlaryň portretleri -- aksentli we «dil açýan» ýordumlar baýramçylyk ruhuny beýan edýär, obrazly dil bilen özboluşly ýol-ýörelgeler barada söhbet açýar.
Rustam Abdyllaýewiň «Maşgala» atly suratynda realizm tilsiminde nusgawy ýordum şekillendirilýär: onda är-aýal iki çagasy bilen gije ýola çykypdyr... Ýolda aran eneli-gyz süýji ukuda, ataly-ogul bolsa ýürek döküşýärler... Asmandaky täze dogan aý – ýagşy umytlaryň nyşany bolup görünýär. Suratyň täsirli we çuňňur manysy žiwopis nowellasynyň aksentli detallarynda ýaşyrylypdyr.
Ünsümi çeken işleriň ýene biri – Mälik Goçmyradowyň «Ilkinji gar» atly suraty boldy. Şahyrana manzarda uzyn haýat, daragtlar, gar basan ýol we ýalňyz ötegçi şekillendirilipdir. Möçberli ýordumy we galyň çalnan reňk ulanma tilsimi žiwopis oçerkine şahyrana äheň beripdir.
Abdylla Mämmetberdiýewiň «Murgap derýasy» atly nepis manzary filosofik oýlanmalary dowam edýär. Annadursun Babaýewanyň «Çagalar» atly işi, tersine, durmuşa höwes döredýär we ýeňil reňklerde bagtyýar çagalyk döwri beýan edýär.
Natalýa Kalugina sergä iki işini hödürläpdir. Olary biriniň ady «Torgaý owazy» diýlip atlandyrylypdyr... Köpetdagyň etegine meýdan gülleri nagyş bolup ýazylsa, daragtlaryň belent başy, mawy dag erezleri, zümerret gaýalar olary jähekläp otyr... Ýöne torgaýlar hany?
-- Olar asmanda. Şu gözellige syn edeniňizde olaryň saýrak owazy gulagyňyza gelenokmy näme? – diýip Natalýa Pawlowna aýtdy.
- Siziň çöl manzarlaryňyz üýtgeşik reňkleri bilen tapawutlanýar, siz neneňsi bu üýtgeşik tilsimi tapdyňyz? - diýip kärdeşim Swetlana Çertsowa ondan sorady.
- «Dürli röwüş gün» diýen taglymata görä Ýer-ä ýöne bir çal däl, otam – gök. Gül şöhlesiniň döwülýän ýerine görä (refraksiýa), onuň reňki hem üýtgeýär – diýip Natalýa Pawlowna düşündirdi. – Menem suraty gözümiň görşi ýaly çekýärin, şol sebäplem çöl manzarlarymda hemişe gülgüne-benewşe röwüş bardyr... Wan Gog, Iwan Şişkin, Klod Mone we beýleki tamymal nakgaşlaram «dürli röwüş gün» taglymatyna eýeripdirler.
Sergä ilkinji gezek gatnaşýan Ejegül Orazmämmedowa işleriniň dördüsini getiripdir. Ejegül – ýörüte bilimli nakgaş däl, ol lukmançylyk ugrundan okan zenan, ýöne çagalykdan surat çekmegi gowy görüpdir, pensiýa çykandan soň, özüni göwün beren işine bagş edýär. Yzzat Gylyjow, Durdy Baýramow, Annadurdy Almämmedow bilen tanyşlygy oňa uly täsir edipdir. Tanymal keramikaçy Solmaz Muhammedowa oňa «elini düzmäge» kömek edýär we reňkleri dogry çalmagy öwredýär.
Onuň neoimpessionizm usulynda çeken «Güýz» we «Derýanyň kenaryndaky öýjagaz» atly manzarlary täsirli çykypdyr.
-Olaryň döremegine näme sebäp boldy? – diýip men Ejegülden soradym.
-Boş wagtymyň peýda bolmagy bilen men ýurdumyza we daşary ýurtlara kän syýahat edip ugradym. Göwnüme ýaran zatlary we manzarlary surata düşürýärin, olaryň eskizini edýärin, şoňam olara seredip, surat çekýärin. Şeýdibem özümde galan täsirler kendirde beýanyny tapýar.
Güllere bagyşlanan işler serginiň çeper metaforasy bolup görünýär. Myrat Hojagulyýew Onuň Alyhezreti Bägüli saýri tilsimde beripdir. Ýagşyň merjen däneleri gülýapragyny bezän ajaýyp güle penjireden garaýşyň şekili Nowruzyň näzik şahyrana älemine atarýar. Žiwopisçi Berdisähet Gurbansähedow şadyýan gülälekleri şekillendiripdir.
Tamara GLAZUNOWA
Surat düşren: Ýuriý ŞKURIN