mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 5493

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 112-nji madda, № 4, 134-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda, № 4, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 48-nji madda) 145-nji maddasynyň ikinji böleginde:

3-nji bentde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

4-nji bentde «Mejlisiniň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda) 334-nji maddasynyň üçünji böleginde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň agzalarynyň we» diýen sözlere çalşyrmaly we «öz» diýen sözden soň «agzalyk we» diýen sözleri goşmaly.

3. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 112-nji madda; 2020 ý., № 4, 88-nji madda):

4-nji maddada:

birinji bölegiň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda, olaryň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner.»;

bäşinji bölekde «baradaky» diýen sözi «boýunça» diýen söze çalşyrmaly.

4. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Býujet kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 1, 34-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda):

1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 24-nji bendinde «Mejlisi ýa-da ýerli wekilçilikli edara» diýen sözleri «Milli Geňeşi ýa-da döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 53-nji maddada:

birinji bölekde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Mejlisi» we «Mejlisiniň Dessurynda (reglamentinde)» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşi» we «Milli Geňeşiniň palatalarynyň dessurlarynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 55-nji maddanyň mazmunynda «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 82-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «Mejlisi» we «ýerli wekilçilikli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşi» we «döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 88-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendiniň birinji tesiminde we 92-nji maddada «Mejlisine», «Mejlisi» we «Mejlisinde» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Mejlisine», «Milli Geňeşiniň Mejlisi» we «Milli Geňeşiniň Mejlisinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 91-nji maddanyň üçünji böleginde «Mejlisine» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisine» diýen sözlere çalşyrmaly we «taslamasynyň» diýen sözden soň «Türkmenistanyň Milli Geňeşine» diýen sözleri goşmaly.

5. 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Býujet sistemasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 2-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda):

13-nji maddanyň birinji böleginde, ikinji böleginiň birinji tesiminde, üçünji böleginde we dördünji böleginiň birinji tesiminde «Mejlisine», «Mejlisiniň» we «Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşine», «Milli Geňeşiniň» we «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

15-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde «Mejlisine» we «Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Mejlisine» we «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly.

6. 2003-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda kabul edilen «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň Ýygyndysy, 2005 ý., HM-82; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 53-nji madda; 2008 ý., № 4, 65-nji madda; 2015 ý., № 2, 73-nji madda; 2016 ý., № 1, 75-nji madda; 2017 ý., № 2, 82-nji madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda):

4-nji maddanyň birinji böleginiň altynjy tesiminde, 13-nji maddanyň birinji böleginde, 18-nji maddanyň altynjy we ýedinji böleklerinde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly;

15-nji maddanyň birinji böleginde:

ikinji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

on birinji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

7. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 34-nji madda; 2015 ý., № 2, 61-nji madda; 2016 ý., № 1, 17-nji madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda) 1-nji maddasynyň ikinji böleginde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 15-nji madda; 2014 ý., № 2, 85-nji madda; 2015 ý., № 2, 74-nji madda; 2017 ý., № 1, 41-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda):

1) 2-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň,» diýen sözleri aýyrmaly we «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 11-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde we üçünji böleginde, 12-nji maddanyň mazmunynda «Halk Maslahatynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 14-nji maddada:

1-nji bentde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň,» diýen sözleri aýyrmaly we «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

9-njy bentde «halk maslahatynyň» diýen sözleri «welaýat, etrap we şäher halk maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 17-nji maddanyň üçünji böleginde «degişli halk maslahatynyň» we «ýerli halk maslahatynyň» diýen sözleri «degişli welaýat, etrap we şäher halk maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 21-nji maddanyň birinji böleginde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

9. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 11-nji madda; 2014 ý., № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 2, 68-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý. № 2, 36-njy madda) 41-nji maddasynyň ikinji böleginde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

10. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 22-nji madda; 2019 ý., № 1, 13-nji madda, № 4, 75-nji madda) 20-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

11. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 53-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda; 2017 ý., № 1, 37-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda):

7-nji maddanyň 2-nji bendinde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

12-nji maddanyň dördünji böleginde «Mejlisiniň» we «deputat toparlary» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» we «toparlar» diýen sözlere çalşyrmaly;

54-nji maddanyň mazmunynda «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly.

12. 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 61-nji madda; 2018 ý., № 4, 113-nji madda; 2019 ý., № 4, 98-nji madda):

1-nji maddanyň bäşinji böleginde:

ikinji tesimde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Döwlet obýektlerine, geografik we beýleki obýektlere görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäriniň ady Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi bilen hem dakylyp bilner.»;

3-nji maddanyň 3-nji bendinde we 9-njy maddanyň ikinji böleginde «Mejlisine» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisine» diýen sözlere çalşyrmaly.

13. 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilen «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 2-nji madda) 36-njy maddasynyň üçünji böleginde:

birinji tesimde «Mejlisiniň deputatlarynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň agzalarynyň hem-de deputatlarynyň agzalyk we» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň agzalarynyň we» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun tesmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.