Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 5-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap mini-futboldan ýaryş geçirdi. Bu ýaryşa ilçihanalaryň wekilleri, şeýle-de gruziýaly türgenleri gatnaşdy.
Turniriň açylyş dabarasynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda halkara parahatçylyk we ynanyşmak Ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň Türkmenistanda «Тürkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň astynda geçýändigi bellendi.
Şunuň ýaly hem Türkmenistanda sagat ýaşaýyş ýörelegsini, ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi giň ýaýratmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylýandygy nygtalyp aýdyldy.
Ýaryş tamamlanansoň onuň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.