Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna: özbaşdak ösüş ýolunyň ilkinji ädimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna: özbaşdak ösüş ýolunyň ilkinji ädimleri

view-icon 79491

2021 ýyl – mundan otuz ýyl owal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär. Garaşsyzlyk ýolundaky möhüm wakalaryň arasynda 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistan SSSR-iň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky» Jarnamany bellemek zerurdyr. Jarnama şol döwürde entek SSSR-iň düzümindäki resbublikanyň özbaşdaklygyny yglan eden ilkinji resminamadyr. Jarnama laýyklykda, Türkmenistan SSSR-i özüniň ähli çäginde dolandyryşy doly derejede amala aşyrýan we syýasy we ykdysady gurluşy özbaşdak bellemek hukugyna ygtyýarly milli döwlet hökmünde kesgilenildi.

Ýurdumyzdaky indiki möhüm ädim Hökümet tarapyndan 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hakynda mesele boýunça ählihalk referendumynyň geçirilmegi bolupdy, şonda ýurduň ilatynyň 94%-i garaşsyzlyga ses beripdi.

Referendumyň netijelerine esaslanyp Türkmenistan SSSR-iň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusiýa kanunyny kabul edildi, şol kanunyň esasynda Türkmenistan SSSR-iň serhetleriniň çäklerinde Garaşsyz demokratik Döwlet diýlip yglan edildi.

Ýurduň ähli çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň ýokary tutulýanlygy bellenildi.

Kanunda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýokary maksatlaryň — türkmen halkynyň hakyky milli döwletliligine eýe bolmagynyň, milli, jynsy, sosial gelip çykyşyna we dini ynanjynyň tapawudyna garamazdan her bir adama Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, adam hukugynyň Ählumumy jarnamasynda we beýleki halkara hukuk düzgünlerinde göz öňünde tutulan hukuklary we erkinlikleri üpjün etmegiň, kanunyň ileri tutulýan ynsanperwer demokratik jemgyýetini gurmagyň hatyrasyna yglan edilýär».

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Konstitusiýa kanunyna laýyklykda «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Kanunyň ilkibaşdaky beýanatyna birnäçe, şol sanda 27-28-nji oktýabrda bellenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygyna degişli üýtgetmeler girizildi, 2018-nji ýyldan Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabr diýlip bellenildi.

Garaşsylygy beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň ykrar etmegi üçin özygtyýarly döwletler bilen beýleki halkara hukugynyň subýektleriniň arasynda resmi gatnaşyklary goldamagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýän diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak wajypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Garaşsylygynyň ilkinji ýylynda dünýäniň onlarça döwletleri tarapyndan ykrar edildi.

Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary açan ilkinji döwletleriň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy (06.01.1992), Koreýa Halk Demokratik Respublikasy (10.01.1992), Daniýa Soltanlygy (21.01.1992), Beýik Britaniýanyň Birleşen Soltanlyklary we Demirgazyk Irlandiýa (23.01.1992) bar.

1992-nji ýylyň birinji ýarymynda edil golaý goňşularymyz – Eýran we Owganystan ýaly Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň beýleki döwletleri – Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýanyň Soltanlygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy bilen hem diplomatik gatnaşyklar başlandy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäde diplomatik gatnaşyklaryny has-da giňeltdi, şonuň bilen bir hatarda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary işleýär. Ýurduň içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 diplomatik wekillikleri we 13 sany halkara guramalarynyň wekillikleri bar.

Birleşen Milletler Guramasyna (1992-nji ýylyň 2-nji marty) kabul edilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmeginde we berkemeginde möhüm ädim boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan sebitleýin we bütindünýä derejesinde öz wezipelerini amala aşyrmagynda BMG-niň strategiki hyzmatdaşyna öwrüldi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde şol döwürde bu Gurama girýän 185 ýurt «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň» ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berdiler. Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy BMG-niň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysalydyr.

BMG-niň dürli düzümleriniň alyp barýan işlerine gatnaşmagyny has-da giňeltmäge çalyşýan Türkmenistan, 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe wajyp bölümleriniň we beýleki iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň Ženewadaky bölüminde hemişelik wekilhanasyny açdy.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň meýilnamasynda – BMG-niň düzümlerini ýurduň içinde açmagy giňden ýaýratmak göz öňünde tutulýar. Häzirki günlerde biziň ýurdumyz BMG-niň 13 Geňeşiniň, Bölümleriniň we Toparlarynyň düzümine girýär, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek babatdaky bütindünýä hereketine işjeň gatnaşýar.

Bu gün Türkmenistan 47 halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň agzasydyr.

Оgulgözel REJEPOWA 

Suraty Ýuriý ŞKURINIŇKI