Ï Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty başlandy. Ýaryşyň birinji güni 8 ýurtdan gelen gyzlaryň 10-sy 49 kg-a çenli agramda altyn medal üçin güýç synanyşdylar.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýa bäsleşiginiň ilkinji ýeňijileri belli boldy

view-icon 2632

Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty başlandy. Ýaryşyň birinji güni 8 ýurtdan gelen gyzlaryň 10-sy 49 kg-a çenli agramda altyn medal üçin güýç synanyşdylar.

Türkmen sport janköýerleri bu agram boýunça türgenimiz olimpiýa kategoriýasyna girmeýän 45 kg-a çenli agramda 2018-nji ýylda dünýäniň çempiony bolan Ýyldyz Jumabaýewanyň üstünlik gazanmagyna umyt bagladylar. Daşkentde özi üçin täze olimpiýa kategoriýasynyň agramynda bäsleşen türgenimiz birinji synanyşygynda 72 kg-y götermegi başardy. Ýöne indiki 75 kg ştangany diňe üçünji, ýagny, iň soňky synanyşykda göterdi.

Ikinji maşkda – itekläp götermekde – Ýyldyz üç mümkinçiligiň diňe birini ulanyp 98 kg agramy ýokary galdyrdy. Iki görnüşiň jemi boýunça Ý. Jumabaýewa 173 kg ştanagany galdyrmagy başardy. Bu görkeziji onuň 2018-nji ýylda Agşabatda geçen dünýä çempionatynda görkezen netijesinden 6 kg azdyr, şeýlelikde Ýyldyz 7-nji orny eýeledi.

‌Bu agramda hytaýly gyz Hou Çžihueý Aziýanyň çempiony boldy, ol iki görnüşde 213 kg-y göterdi (96+117).‌ Ikinji orna-da hytaýdan gelen türgen ‌–‌ Szýan Hueýhua mynasyp boldy –‌ ‌207‌ ‌kg (89+118). Sylagly orunlaryň üçünjisini Hindistanly Çanu Saikhom Mirabai eýeledi–‌ ‌205‌ ‌kg‌ ‌(86+119). Ol itekläp götermekde dünýäniň rekordyny täzeledi.

Ertir Aziýanyň çempionatynda 55 kg-a çenli agramda gyzlar we 61 kg-a çenli agramda bolsa oglanlar altyn medaly almak ugrunda bäsleşerler. Bu tapgyrda Türkmenistanyň adyndan Kristina Şermetowa hem-de Seýitjan Mirzaýew ikisi çykyş eder.