Aşgabadyň botanika bagynyň benewşe gudraty

eye
563
Aşgabadyň botanika bagynyň benewşe  gudraty

Botanika bagynda nobatdaky şatlykly waka boldy - äpet sogan gülledi. Äpet sogan – bu at belkem köpleri geň galdyrsa. Ol boýy 1,5-2 metre ýetýän gyrymsy çogdam gül we beýleki kösükli ösümliklerden düýpgöter tapawutlanýar. Ýöne bu soganyň äpet boýy esasy zat däl-de, onuň ýalkym saçýan ajaýyp benewşe öwüşgini. Paýtagtyň raýatlary ýeriň ýüzünden akyp barýan şol benewşe buludyň ýanynda surata düşmek üçin bu ýere ýörite gelýärler.

Äpet sogan liliýalar maşgalasyna degişli, liliýalar, çigillemler, mämişi reňkli sünbüller-giasitler we beýlekiler bu güller maşgalasyna girýär. Bu ösümligiň watany – Orta Aziýa we Eýran. Täsin reňkli gül 1956 – 1963-nji ýyllarda Aşgabada getirilipdir. Ol Köpetdagyň jülgelerinden we onuň eteklerinden, soňra-da, Köýtendagdan ýygnalan sogan kösüginden ösdürilip ýetişdirilipdir.

Howa 13 – 25 gradus gyzyp ugransoň benewşe gül apreliň ortasyndan maýyň ortalaryna çenli bark urýan ysyny çar tarapa saçýar. Botanika bagynyň işgärleriniň gözegçiliginiň netijesinde onuň uly baglaryň kölgesinde ösýän wagtynda gülleri has giç solýar. Göze ýakymly benewşe älemgoşar bu baglyk adanyň görküne görk goşýar.

Äpet soganyň gülleriniň käbirleri – gülgün-mämişi reňkli çogdamy bilen inçejik baldaklaryň üstünde oturdylan şaryň keşbinde haýsydyr bir nätanyş planetadan zemine uçup gelen täsin gunçany ýatladýar.

Таmara GLAZUNOWA 

Suraty: Ýuriý ŞKURINIŇKI