Ï Rejepbaý Rejepow – Aziýa çempionatynda bürünç medaly eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rejepbaý Rejepow – Aziýa çempionatynda bürünç medaly eýeledi

view-icon 4618

Daşkent şäherinde dowam edýän Aziýanyň agyr atletika boýunça çempionatynda 81 kg çenli çykyş eden 29 ýaşly, at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hasap goruna ýene-de bir sylagy-bürünç medaly goşdy.

Bu agramda 9 ýurtdan 10 türgen özara bäsleşdi. Olaryň arasynda agyr atlelika boýunça dünýäde esasy hasaplanýan hytaý mekdebiniň wekili Londan Olimpiadasynyň çempiony, Rio-de Žaneýro Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi, dünýäniň bäş gezek çempiony Lýuý Sýaszýun we Aziýanyň häzirki çempiony, IWF boýunça Dünýä kubogany iki gezek eýelän Li Dain hem bar.

Birden götermek görnüşinde deslapky bellenen agramy (155 kg) ilkinji synanyşykda göterip bilmese-de, R.Rejepow ikinji synanyşykda 156 kg-y galdyrmagy başaýar. Medal üçin bäsleşikde onuň esasy garşydaşy özbek türgeni Muhammadkodir Toştemirow üçünji synanyşygynda 160 kg-y göterýär. Rejepbaý «bürünç medal» üçin göreşini dowam edip 161 kg agramy göterip bäsdeşinden öňe geçmek isleýär. Ýöne ildeşimiziň bu islegi başa barmaýar we ol iteklemek görnüşinde bäşinji orunda galýar.

Muňa garamazdan Rejepbaý ruhdan düşmeýär we ikinji görnüş – itekläp götermekde ýene-de medal ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. Ol 185 kg-y galdyrýar. Özbegistanly türgen 193 kg-y itekläp, iki görnüş boýunça jemi 353 kg-y öz hasabyna ýazýar.

Rejepbaý bu gezegem öz bäsdeşinden öňe saýlanmagy ýüregine düwüp, ikinji synanyşykda «bürünç» medaly kepillendirýän 195 kg agramy götermäge synanýar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçiçi Artur Emirýan: «Ähli gaýratyňy jemle!» – diýip, oňa tabşyrýar.

Rejepbaý çykyşyna başlamaga taýynlanýar. Ýygyndy toparymyzyň tälimçisiniň indiki tabşyrygy eşidilýär: «Howlukma, gyssanma, demiňi dürse, dur!»

Ine, R. Rejepow ştangany ýerden gursagyna alýar. Soňra ýokary galdyrýar. Üç eminiň ikisi onuň synanyşygyny üstünlikli düýip hasaplaýar. Ildeşimiz begençli ellerini howada galgadýar. Tälimçiler ony gutlaýarlar. Birdenem bäsleşigiň arasyna pauza-dymyşlyk düşýär, az wagtdan eminler R. Rejepowyň onuň üstünligini hasaba almaýarlar.

Eminleriň beýle çözgüdine garaşmadyk ildeşimiz sussypes ýagdaýda iň soňky mümkinçiliginde has agyr – 198 kg ştangany götermegi niýet edýär we özbek garşydaşyndan öňe geçmek isleýär. Ýöne bu synanyşyk başa barmaýar.

Netijede R. Rejepow iki görnüş boýunça 341 kg (156+185) agramy galdyryp, üçünji orunda bäsleşmegini tamamlaýar. Birden götermekde dünýä rekordyny täzeläp (175 kg) altyn medaly alan häzirki Aziýanyň çempiony hytaýly Li Dainiň iteklemek görnüşinde deslapdan bellenýän agramy (198 kg) göterip bilmän çykyşyny netijesiz tamamlamagy Rejepbaýyň üçünji ýeri eýelemegine mümkinçilik berdi.

Kümüş medaly 353 kg ştangany galdyran (160+193) özbek türgeni Muhammadkodir Toştemirow aldy. Ençeme gezek dünýä rekordlaryny täzelän hytaýly Lýuý Sýaszýun Aziýanyn çempiony boldy. Ol ilkinji synanyşygynda 199 kg ýüki göterdi we soňra iki sapar dünýä rekordyny täzelemäge (208 kg) synandy, emma, başarmady.

Aziýanyň çempionatynda üçünji orny eýelän Rejepbaý Rejepow Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň goruna örän wajyp 66 hasaby goşdy.

Rejepbaýyň agyr atletika bilen kakasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mumin Rejepowyň ýolbaşçylygynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda meşgullanyp başlandygyny bellemek hökmandyr. Ol soňky ýyllarda milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Artur Emirýanyň ýolbaşçylygynda öz ussatlygyny kämilleşdirýär. Ol 2017-nji ýylda dünýäniň wise-çempiony boldy, Aziýa-2017-niň kümüş medalynyň eýesi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çempiony, Katar-2018 Halkara Kubogynyň ýeňijisi, IWF boýunça 2019 ýylyň dünýä Kubogynyň bürünç medalynyň eýesi.

2019-njy ýylda Pattaýe şäherinde (Таiland) geçen dünýäniň soňky çempionatynda R.Rejepow jemi 363 kg agramy, ýagny, şu gezekki Aziýa çempionatynyň kümüş medalyny alan özbegistanly Muhammadkodir Toştemirowdan 15 kg artyk göterip, dördünji basgançaga galmagy başardy.

«AA» habarçysy