Ï Beýik Ýeňşiň esgerleri: Sowet Soýuzynyň Gahrymany Täçmämmet Nyýazmämmedow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýeňşiň esgerleri: Sowet Soýuzynyň Gahrymany Täçmämmet Nyýazmämmedow

view-icon 4780

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76-ýyllygynyň öň ýanynda köp neşirler Beýik Ýeňşiň esgerleri barada ýatlamalary çap edýärler. Şolaryň biri, biziň ildeşimiz Täçmämmet Nyýazmämmedowyň ykbaly hakda Pawel Žukow rus dilindäki «Камертон» edebi we taryhy žurnalda çap edilen makalasynda şeýle gürrüň berýär. 

Täçmämmet Nyýazmämmedow Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly meýdanlarynda bary-ýogy bir ýyl söweşdi. Ýöne şol gysga wagtda batyr türkmen ýigidi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ady almaga ýetişdi. Arman, ol şol sylagyň dabaraly gowşurylyşyny görüp bilmedi.

Germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen Sowet Soýuzynyň üstüne çozan ilkinji günlerinden başlap harby komissarlyklara Türkmenistanyň ähli oba-şäherlerinden arzalar gelip başlady. Şol arzalarynda raýatlar özlerini Gyzyl goşunyň hataryna meýletin almaklaryny haýyş edýärdiler. Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň raýatlarynyň bir ýüz segsen müňden gowragy watan goragyna gitdi. Bu sanlar tutuş respublikanyň ilatynyň on göterimine deňdir.

On sekiz sany türkmen esgeri Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen beýik ada mynasyp boldy. Bu belent at olaryň köpüsine wepat bolansoň dakyldy. Şolaryň biri-de Täçmämmet Nyýazmämmedowdyr. Wepat bolanda ol ýaňy ýigrimi dokuz ýaşyndady.

Gahryman 1914-nji ýylda Balkan welaýatynda eneden doguldy. Adaty daýhan maşgalasynda dogulsa-da, ol örän bilimli we sowatlydy. Mekdebi tamamlap, Täçmämmet Aşgabadyň 1-nji mugallymçylyk mekdebine okuwa girdi. Okuwy tamamlansoň zähmet ýoluna mekdepde mugallymçylykdan başlady. Ol uruşdan öňünçä eýýäm, Bendesen we Hojagala obalarynda mekdep direktorynyň wezipesinde işlemäge ýetişdi.

1941-nji ýylyň güýzünde T.Nyýazmämmedow Gyzyl Goşunyň sapyna gulluga çagyryldy. Bir ýyl çemesi harby taýýarlykdan soňra söweş meýdanynda jeňe girdi.

On birinji atly korpusyň düzümindäki on sekizinji atçylyk diwiziýasynyň esgerleriniň köpüsi türkmen ýigitleridi. 1942-nji ýylyň ýaz-tomus aýlarynda şol diwiziýanyň esgerleri Wýazmanyň golaýynda duşman goşunlarynyň arka tarapyna-tylyna geçirilipdi. Olar ençeme aýlap duşmanyň arkasyndan duýdansyz zarba urdular, ýöne ahyrsoňunda nemesleriň gabawyna düşdüler. Başga ýol galmansoň batyr söweşijiler duşmanyň eline ýesir düşmezlik üçin gabawy böwüsmegiň kararyna gelýärler. Olara öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmek başardýar, ýöne bu olara örän gymmat düşýär – diwiziýanyň tas hemmesi diýen ýaly gahrymanlarça wepat bolýar.

Тäçmämmet örän batyrdy, gaýduwsyzdy, ýöne ähli zat 1943-nji ýylyň güýzünde birden üýtgeýär. Şol wagt uly seržant Täçmämmet Merkezi Frontuň ýedinji gwardiýa korpusynyň on altynjy atçylyk diwiziýasynyň üçünji eskadronynyň pulemýotçylar bölüminiň serkerdesiniň orunbasarydy. Onuň şöhratly gaýduwsyzlygyny görkezjek pursaty Belorussiýanyň çäginde Dnepr derýasy ugrundaky gandöküşikli söweşlere gabat geldi.

1943-nji ýylyň ýigrimi ýedisinden ýigrimi sekizine geçilýän gije uly seržantyň bölümi derýanyň kenaryna alkymlap bardy. Gomel oblastynyň Braginskiý raýonynyň Niwki obajagy bu ýerden uzakda däldi. Derýanyň günbatar tarapyndan duşmanlar ok, gülle ýagdyrýardylar. Esgerlere Dnepr derýasyndan geçip nemesleriň bölümini eýelemek, tä yzdan kömek gelýänçä şol ýeri elden gidermän saklamak tabşyrylypdy.

Täçmämmet Nyýazmämmedow örän sowukganlylydy we arkaýyndy, her hili kynçylyklarda-da howsala düşmeýärdi. Şu wakadan laýyk on gün öň, Berezna obasy azat edilende-de ol öň hatarda söweşip ajalyň ýüzüne göni seredipdi. Eskadronyň öňüni çekip barýan pulemýotçylar ilkinji bolup obanyň içine girýärler. Uly seržantyň batyrgaý ýigitleri mert atyşyp nemesleri yza serpikdirmegi başarýarlar we olary gaçmaga mejbur edýärler.

Şol kyn pursatda-da ýene-de bir wajyp söweşiň ykbaly hut Täçmämmediň çözgüdine we batyrlygyna baglydy. Bu söweşde ýalňyşmaga ýer ýokdy, ýalňyşlygyň yzynyň agyr betbagtçylyga eltjekdigi şübhesizdi.

Тäçmämmet we onuň bölüminiň şir ýürekli batyrlary öňe dyzap, nemesleriň ünsüni sowdular, şol aralykda-da goşunyň galan bölekleri derýany böwsüp, aňyrsyna geçdiler. Ertesi irden Gyzyl Goşunyň esgerleri gandöküşikli hüjüme başlap Niwki we Wýale obalaryny rehimsiz basybalyjylardan boşatdylar.

Uly seržant duşmanyň beýle agyr, degnasyna degen ýeňlişe kaýyl bolmajagyny we obalary yzyna gaýdyp almaga synanjakdygyny aňýardy. On dördünji noýabrda dişine çenli ýaraglanan nemesler ýene-de obany gaýdyp almak üçin hüjüme geçipdiler. Olar üç tarapdan çozýardylar. Nyýazmämmedowyň bölüminiň duşmanyň sansyz leşgerlerini saklap bilmejegi görnüp durdy. Ýeke-täk umyt derýanyň aňyrsyndan öz goşunlarymyzyň kömege gelmegine garaşmakdy. Emma, bu gezek umyt başa barmady. Täçmämmediň ýoldaşlary yzly-yzyna jan berýärdiler, ýöne yza çekilmeýärdiler. Indi diňe uly seržantyň özi bilen Iwan Zaurow ikisi galypdy. Birden onuň hem ýarag atmasy kesilipdi, komandir bir görse iň soňky ýoldaşy ýerde gana bulaşyp ýatyrdy. Uly seržant iň soňky okuna çenli duşmanlar bilen atyşdy. Oky gutansoň eline alan granatyny nemesleriň üstüne zyňyp ýetişdi, ikinjisini zyňmaga synananda duşmanyň atýan sansyz güllesi onuň göwresini eleme-deşik edipdi.

Türkmenistanly gahryman Gomel oblastynyň Wyşemir obasyndaky doganlyk gonamçylylykda jaýlandy.

1944-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy bilen gwardiýa uly serženty Täçmämmet Nyýazmämmedowa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakyldy. Täçmämmet Nyýazmämmedow soňra Türkmenistanyň Gahrymany hem boldy.

Häzir Wyşemir obasyndaky mekdepde muzeý bar, onda Täçmämmet Nyýazmämmedowa ýörite bölüm bagyşlanypdyr. 1982-nji ýylda Gahrymanyň ýakyn hossarlary şol mekdebiň okuwçylary bilen duşuşmak üçin muzeýe baryp gördüler. Gahrymanyň uýasy uly seržantyň hala çitilen portret-suratyny muzeýe sowgat berdi.