Ï Aktýor, režissýor, ýazyjy we çapyksuwar: Artyk üçin ak bägüller
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aktýor, režissýor, ýazyjy we çapyksuwar: Artyk üçin ak bägüller

view-icon 10339

...Aýna günde-günaşa Moskwanyň günorta künjegindäki keselhana Artygyň yzyndan gelýärdi. Artyk her gün Aýnanyň gelerine garaşýardy, ol otaga girende:

- Seniň bägülleriň üçin ýer taýynladym! – diýip, garşylaýardy we soňra sözüniň üstüni ýetirýärdi. – Öňki gülleriňem entek solarly däl, gaýta gitdigiçe açylýar!

Soňra gürrüň howanyň sowaýanlygyndan başlardy-da, durmuşdaky kinodaky, edebiýatdaky täzeliklere baryp ýeterdi. Emma, keselhana, däri-derman hakda kelam agyz sözem aýdylmazdy, ylla diýersiň hassaçylyk ýok ýalydy. Aýna otagdan çykyp gidensoň Artyk ýeke galýardy we esli salym oýlanyp dymyp oturýardy.

Hakykatda weli onuň ady Artyk däl-de ─ Babady. Moskwanyň giň prospektlerinde eli bir desse ak bägülli metro tarap howlugýan görmegeý zenanam Aýna däl ─ Žanna.

Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýewiň «Аýgytly ädim» romanynyň esasynda Alty Garlyýewiň ekranlaşdyran adybir çeper filminden soňra tomaşaçylar, tutuş türkmen halky Baba Annanowyň we Žanna Smelýanskaýanyň ekrandaky atlaryny çyn gahrymanlar ýaly alyp göterdiler. Şo ýyllarda doglan gyzlara köplenç Aýna diýen adyň dakylýandygyna köpler şaýatdyr. Adatça durmuşda ýaşaýan aşyk-magşuklaryň ykbalyndan çeper eser ýa-da dessanlar dörese, artistler Žanna Smelýanskaýa bilen Baba Annanow üçin bu ýagdaý başgaça, tersine bolup çykdy. Çeper filmden soňra olaryň täze ykbaly başlandy.

Beýik Watançylyk urşunyň jebirli külpetleriniň, pidalarynyň we ajy aýralyklarynyň, Aşgabat ýer titremesiniň salan ýarasyna döz gelen adamlar parahatçylykly günlerde ruhy teselli, psihologiki hemaýat gözleýärdiler. Adamzat başyna düşen her hili betbagtçylyklara, muşakgatlara çydam edýär, emma, durmuşda yşk-söýgüsiz, mähir-muhabbetsiz weli ýaşap bilmeýär. Ylaýta-da, ýaş-ýeleňler täze döwrüň Zöhre-Tahyrlaryny, Leýli-Mežnunlaryny küýseýärdiler. „Aýgytly ädim“ tüýs olaryň garaşýan dessanydy, özem kinonyň dilindäki döwrebap, aýdym-sazly milli dessandy. Geň galmaly ýeri: aktýorlar Janna Smelýanskaýa bilen Baba Annanow hem altmyşynjy ýyllaryň hoşniýetli ýaşlarynyň, urşuň öňünde ýaýaplamadyk, ejizlemedik merdemsi halkyň gözleýän ideal söýgüsiniň gahrymanlary bolmaga taýyndylar.

Şeýlelikde, döwür olary, olar hem döwri döretdi. Aktýor, režissýor we kyssaçy, türkmen bedewleriniň ölermen aşygy Baba Annanow 1939-njy ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň etegindäki Garadamak obasynda eneden doguldy. Ol entek oňly bekemedik çaga gerdeninde urşuň açlyk-horlugynyň, ömürlik kalbyny daglan pidasynyň ýüküni çekdi. Aşgabadyň demirýol wokzalynda agasy Selim bilen urşa ugradan kakasy yzyna gaýdyp gelmedi. Bu ýitgiden ýaňy bir aýňalyp ugranda-da ykbal oňa ikinji ýowuz şarpygyny çaldy. 1948-nji ýylyň güýz gijesi Aşgabatda ýer yrananda ejesi ýykylan öýleriniň aşagynda galdy.

Indi, ýaňy boýy kölge atyp ugran Babajygyň, dogany Selimiň özleri iýjek çöreklerini tapmalydy. Beýle kynçylyk ýeke olaryň başynda däldi, bu umumy ýagdaý hemmeleri bir-birlerine jebisleşdirýärdi. Ol çagalygynda teatr, sungat hakda diňe ertekä meňzeş gürrüňleri eşidýärdi. Paýtagt elýeterde bolansoň oba adamlary agşamlaryna topar-topar bolup «Zöhre-Tahyry», «Şasenem-Garyby» görmäge paýu-pyýada, arabaly Aşgabada giderdiler. Ertesi ekin meýdanlarynda Baba olaryň agşamky gören operalaryny jikme-jik ýatlaýyşlaryny hezil edip diňlärdi.

Günleriň birinde obanyň klubynda Mark Bernes bilen Boris Andreýewiň baş rollarda oýnaýan «Iki esger» atly filmini görkezdiler. Dag etegindäki çolaja obanyň adamlary üçin bu baýramçylykdy. Ýöne şonda-da artistlik, sahna çykmak, kinoaktýor bolmak hakda pikir Babanyň kellesine gelmeýärdi.

SSSR-iň halk artisti Baba Annanow heniz dirikä şeýle ýatlama galdyrypdyr:

- Mekdebi ekstern-gaýybyna gutardym. Gowy okadym diýi-bä öwnüp biljek däl, ýöne ýokary bilim almaga höwesim weli gaty çynymdy. Aşgabada geldim, satyjy bolmagy teklip etdiler, menem razylaşdym. Biraz wagt geçensoň uniwersitetiň hukuk fakultetine girmäge hyýallanyp çynlakaý taýýarlanmaga başladym. Ömrümiň galan bölegi birden tötänlikde, duýdansyz üýtgedi duruberdi. Ýoldaşym ikimiz geçip barýarkak köçäniň ugrundaky bildiriş asylýan tagtada Daşkendiň teatral institutyna türkmen ýaşlarynyň kabul edilýändigini okadyk. Biz aktýorlyga nähili saýlanyp-seçilýändigini görmek isledik. Şonda, kabul edijiler maňa-da synanyp görmegi maslahat berdiler. Synagym şowuna, ugruna boldy, ine, şeýdip takdyryň garaşylmadyk ýerden salgy beren ýoluna düşdüm...

Ol heniz talypka «Özbekfilm» kinostudiýasynda surata düşýär. Şondan soňra Baba kinosyz durmuşy göz öňüne-de getirip bilmeýär.

Instituty tamamlansoň Baba Annanowyň «Türkmenfilm» kinostudiýasynda gatnaşan kinofilmleriniň atlary onuň döredijilik ýolunyň deslapky menzillerini gowy suratlandyrýar: «Ilkinji ekzamen» we «Aýgytly ädim».

«Aýgytly ädim» kinoepopeýasynyň özüniňem ekranlardaky ýoly üstünliklerden başlanýar. Ony bir ýylda 50 milliondan gowrak tomaşaçy görýär, dünýäniň onlarça ýurtlary satyn alýar, Bütinsoýuz kinofestiwalynyň, Orta Aziýa we Gazagystanyň kinoçylarynyň gözden geçiriş-bäsleşiginiň, Hindi kino muşdaklarynyň Birleşiginiň baýraklaryna, sylaglaryna mynasyp bolýar. 1966-njy ýylda Baba Annanowa bu filmi döredenleriň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy gowşurylýar.

- Elbetde, Alty Garlyýewiň maňa Artyk Babalynyň roluny ynanmagyny bagtymyň açylmagy saýýaryn. Şol ussadyň gapdalynda taryhy wakalaryň, köpçülik sahnalarynyň agdyklyk edýän iki seriýaly kartinasyna gatnaşmak meniň üçin hakyky uniwersitet boldy. Iň esasy-da, döredijilige baş goşýan adamyň özüne nähili talapkär, geçirimsiz bolmalydygyna başdan düşündim ─ diýip, Baba Annanow soňra metbagat wekillerine gürrüň beripdir.

Şol ýyllarda çap edilen makalalaryň birinde: «Aktýor Baba Annanow kino sungatyna at çapdyryp girdi» diýlen ýatda galyjy jümle ýazylypdyr.

Baba Annanow sungat aýlawyna giren bedewiniň soňra-da jylawyny gowşatmady, kino - yzyna kino, rol - yzyna rol döredi. Ine olaryň birnäçesi: «Altynyň öwüşgini» we «Aýal ata çykanda» çeper filmlerinde Gaýgysyz Atabaý, «Keçpelek» telefilminde Berdimyrat bagşy, «Köýten nalasynda» Zakir aga, «Laçynda» Gurban, «Ak tümlükde» Baýram, «Jemalyň daragtynda» Nazar, «Bagtyndan jyda düşen Pyragyda» öz döwrüniň köptaraply alymy we pähimdary Döwletmämmet Azady.

Baba Annanowyň türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azadynyň ýatda galyjy keşbini döredişi barada aýratyn durup geçmek dogry bolar. Filmiň režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Hojaguly Narlyýew şeýle ýatlaýar: «Biz filmiň ssenarisine girişemizde Azadynyň obrazyny ýazmak üçin Baba Annanowyň döredijilik aýratynylygyny, şahsy gylyk-häsiýetini göz öňünde tutduk. Baba hakyky zehin eýesi, onda Magtymguly ýaly ägirt şahsyýeti terbiýeläp ýetişdiren Döwletmämmet Azada mahsus parasatly sypaýylyk, hoşniýetlilik, köp okamaga we bilmäge çäksiz teşnelik bar».

Zehinli artist aktýоrlygynyň daşyndan «Serdar», «Kärizgenler», «Zöhre-Tahyr» ýaly çeper kino-telefilmleriň, bagşy Sahy Jepbarow, şahyr Kerim Gurbannepesow, dutar ussasy Ata Ablyýew, sazanda Çary Täçmämmedow, zergär Gylyçmyrat Ataýew dagylar barada dokumental telefilmleriň režissýory. Birnäçe ilhalar powestleriň, hekaýalaryň we nowellalaryň awtory. Köpler onuň hekaýasynyň äheňinde Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň «Ynha, kakam gaýdyp geler» atly çagalar filmini döredenliginden habarlydyr.

... Baba keselhananyň ýedinji gatynyň uly penjiresiniň aýnasyndan daşaryk äňetdi. Ol Žannanyň hassahananyň howlusyndan köçä çykjak wagty yzyna gaňrylyp özüne seredenini gördi. Janna tejribeli aktrisalara laýyk arkaýynlykda uly planda surata düşürýän kinokamera seredýän dek dem alym salasy aşakdan oňa garap durdy. Soňra ýylgyryp, boýnuna oran ak ýaglygyny ýokary galdyrdy. Ol göýä diýersiň ak bägülleriň çemenini ikiýana galgadýan ýalydy.

Şu pursatda meşhur kino ýyldyzlarynyň iň soňky sapar hoşlaşýan dek bir-birine seredişlerini hiç kim görmese-de, ynsanlaryň arasynda şeýle çuňňur hormat-sylagyň, mähribanlygyň, päkligiň nyşany ak bägülleri her gün sowgat berip bilýändiginiň özi barybir şol görmedikleri-de şatlandyrsa gerek, belkem, öňkülerindenem has bagtly eder.

Aman GOŞA