9-njy maýda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabara Beýik Watançylyk urşunyň weterany Rejep Gylyjowam gatnaşdy.
Köp çagaly maşgalada 1924-nji yýlda doglan çaga Gylyç diýip at berdiler.
1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda faşistik Germaniýa ähtiýalanlyk bilen ýurdumyza çozanda 17 ýaşly ýetginjek «18 ýaşadym» - diýip doganoglanynyň yzysüre urşa gitdi.
Şol ýylyň güýzünde olar Wladiwostokda dört aýlyk taýýarlyk geçdiler. 1942-nji ýylyň başynda ol fronta, artilleriýa goşuna düşdi. Ilkinji gezek belorus tokaýynda söweşe girdi.
Topçylar bölüminiň toparynyň serkerdesi wagty ol agyr ýaralanyp, ýarym ýyllap harby hassahanada ýatýar.
Saglygyny dikelden esger ýene jeňe girýär. Ol Dneprden söweşip geçmeklige gatnaşýar. Şonda ştab naçalnigi Leonid Sabko uly suw päsgelçiliklerinden geçme tejribesi bolmadyk türkmenleriň şol söweşde edermelik we batyrgaýlyk görkezendigini belläpdi.
Rejep söweşleriň birinde nemes tankyny uranyna kän wagt geçmänkä agyr ýaralanýar. Ol harby keselhana nädip düşendigini bilmeýär, ýöne aýagyny aman saklan lukmanlary minnetdarlyk bilen ýatlaýar. Ol 4 aýdan soň ýene söweşjeň goşun hataryna gaýdyp geldi.
Rejep öýüne ýygy-ýygydan hat ýazmaga çalşardy. Ýöne uruş döwri kagyzdyr galam gytdy. Agyr ýaralanandygyny ejesine aýtmandy, ony alada goýasy gelmändi. Goňşularynyň ejesiniň sözlerinden ýazyp berýän hatlaryny alanda onuň üçin uly baýramdy.
Ol söweş ýollary bilen Polşany, Çehoslowakiýany, Awstriýany geçipdi. Wena 150 kilometr galanda Ýeňiş hakda habar geldi.
Ol Watançylyk urşy, Şöhrat ordenlerine, «Edermenligi üçin», «Wenanyň alnandygy üçin», «Germaniýadan üstün çykylandygy üçin» medallara mynasyp boldy.
Rejep öýüne 1947-nji ýylda dolanyp geldi. Şondan bir ýyl soň oba hojalyk institutynda (häzirki oba hojalyk uniwersitetinde) okap ýörkä 6-njy oktýabrda elhenç Aşgabat ýer titremesiniň şaýady boldy. Şol hasratda umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda ýaşaýan frontdaş ýoldaşlarynyň ikisi wepat bolupdy...
1954-nji ýylda ol Roza atly gyza öýlendi. Olar 62 ýyl bile ömür sürdüler. Olaryň Batyr, Ýolly, Gulmyrat atly ogullary, Zöhre we Jeren diýen gyzlary dünýä indi.
Türkmenistan Garaşsyzlgyny alandan soň jemgyýetçilik işine, ýaşlara watanperwer terbiýe bermeklige işjeň gatnaşdy. Beýik Ýeňşiň 69 we 70 ýyllygy mynasybetli Moskwada Gyzyl meýdançada geçirilen Harby ýörüşlere gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Rejep aga paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady. Onuň şadyýan nazarynda rahatlyk we bagt uçgunlary görünýär...
Gadyrdan Rejep aga, edermenligiňiz we depämizdäki arassa asman üçin sag boluň!
Roman TEPLÝAKOW
Surata düşüren: Meretdurdy ROZYÝEW