Ï Ýewropaly bilermenler ýyladyşhana hojalyklaryndaky täzelikler bilen tanyşdyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropaly bilermenler ýyladyşhana hojalyklaryndaky täzelikler bilen tanyşdyrýarlar

view-icon 4989

31-nji maýda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) ýurdumyzyň ýyladyşhana- ýylykbaja hojalyklarynyň işgärleri üçin internet arkaly duşuşyk geçirerler. Ýewropa Bileleşiginiň goldamagynda guralýan “Türkmenistanda ýylykbaja tehnologiýasyny ösdürmek” atly onlaýn-okuw dersleri gök önümleriň we ir-iýmişleriň ösdürilip ýetişdiriliş pudagyndaky innowasiýalara bagyşlanar.

Bilermenler ýyladyşhana gurmagyň, ekinleriň bejergi işlerini alyp barmagyň aýratynlyklaryna, olarda ölçeýji enjamlaryň we abzallaryň görkezijileriniň peýdalanylyşyna degişli tejribelerini paýlaşarlar. Duşuşyga gatnaşýanlar, şeýle hem bu hojalyklardaky wajyp täze ugurlar – awtosuwaryş, goşmaça iýmitlendirmek we gözegçilik ulgamy, iş tehnikasy, LED yşyklandyrmasy we ş.m. bilen tanşarlar.

Okuwy pudagy boýunça halkara bilermenler geçirerler. Olaryň biri Ýen Enhowen (Niderlandlar) gidropon (topraksyz) oba hojalygy, ýylykbajalar üçin ýokary tehnologik çözgütler, howa şertlerine gözegçilik ýaly ugurlarda tejribeli hünärmen. Tim Morton (Beýik Britaniýa) bolsa – mülkdar, ir-iýmiş ösdürip ýetişdirmek boýunça bilermen.

 Aýjahan ATABALLYÝEWA