Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Sapar Mollanyýazowyň ady türkmen milli kinematografynyň taryhyna mäkäm ornaşdy. Ol “Türkmenfilmdäki” ilkinji professional ─ ýokary hünär derejeli ses operatorydyr. Sapar Mollanyýazow Leningradyň kinoinženerler institutyny tamamlady. Häzirki wagtda bu ýokary okuw jaýy Sank-Peterburgyň döwlet kino we telewideniýe instituty diýlip atlandyrylýar.
Bu gün Türkmenistanyň Medeniýet institutynda ýaş nesle bilim berýän ussadyň, halkara kinofestiwallaryň diplomantynyň döredijilik ýoly geçen asyryň 60-njy ýyllarynda başlanypdy.
Sapar çagalykdan takyk ylymlara höwesekdi, hünär saýlamaly bolanda, ol Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetine giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, fizika-matematika fakultetiniň talyby boldy. Ýöne doga režissýor Sapar üçin kinonyň jadyly dünýäsini açan bir ýagdaý ähli zady birden üýtgetdi oturyberdi.
– Bir gün biziň kafedramyza dekan geldi-de, synaglardan üstünlikli geçen ýagdaýynda, iki talyby Leningradyň kinoinženerler institutyna kabul etmek mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne synanyşyk şowsuz gutarsa, onda, talyplaryň fakultetdäki öňki eýeleýän ýerlerinden-de mahrum boljakdygyny aýtdy. Oglanlarymyzdan hiç kim munuň ýaly gümürtik y söwda baş goşmaga milt etmedi, men weli ejem bilen maslahatlaşyp, bagtymy synap görmek kararyna geldim. “Git, oglum, okuwa girmeseňem, ýurd-a görersiň”─ diýip, ejem maslahat berdi, menem onuň maslahatyna gulak asyp, alysdaky nätanyş Leningrada gitdim.
Sapar Mollanyýazow synaglardan üstünlikli geçip, elektrotehnika fakultetine kabul edilýär. Aşgabada gaýdyp gelenden soň, ýokary blilimli ýaş ses operatoryny meşhur “Aýgytly ädim” filminiň ses ýazgylaryny taýýarlamaga çagyrýarlar.
Ilkinji şowly synanyşygyndan soň tiz wagtdan ýaş ses operatory eýýäm režissýor hökmünde dokumental kinofilmleri surata düşürip başlaýar.
– Eýsem kino näme? – diýip Sapar Mollanyýazow öz-özüne sowal berýär. Soňra ýene-de bu sowalyna özi jogap gaýtarýar. – Kino bu ýöne bir suratlaryň hereketleri, janlanmasy däl, ol foto, şekillendiriş, edebiýat, saz, teatr ýaly dürli döredijilik ugurlarynyň özboluşly utgaşygydyr, ýagny bir ýere jemlenmesidir. Men hemişe tomaşaçylaryň awtoryň ideýasyna doly düşünmeginiň aladasyny edýärin. Şonuň üçin hem talyplara Aşgabadyň şekillendiriş sungaty Muzeýine ýygy-ýygydan barmakmalyryny, sergilere gatnaşmaklaryny maslahat berýärin, çünki ol ýerdäki suratlarda çeper ýordumy nähili kompozisiýalar arkaly tomaşaça ýetirmegiň inçe syrlarynyň üsti açylýar. Şol syrlara düşünmek kinofilmleri döretmekde uly kömek berýär.
“Ýedinji alaň”, “Guýy ussasy”, “Hakyk”, “Toprak garaşyp bilmeýär”, – bular dokumentalçy režissýoryň surata düşüren filmleriniň az sanlysy. Onuň “Çöli halas etmek” atly işi 1990-njy ýylda ABŞ-de geçirilen ekologiýa bagyşlanan filmleriň Halkara festiwalynda görkezildi.
Režissýoryň şahsy kolleksiýasynda – Germaniýada, Estoniýada, Ukrainada döredilen filmleriň ençemesi aýawly saklanýar. 1988-nji ýylyň maýynda Aşgabatda geçen sport filmleriniň Bütinsoýuz festiwalynda “Hakyk” filmi altyn medala mynasyp boldy.
Sapar Mollanyýazow häli-häzirem döredijiligini dowam edýär. Onuň kämilleşdiriş derslerine diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Russiýada-da gatnaşmaga çalyşýarlar. 2011-nji ýylda dokumental filmleriň ussady ýokary bilim alan ylym ojagynda – Sank-Peterburgyň döwlet kino we telewideniýe institutynda bolup, öz dokumental filmlerini görkezdi hem-de döredijilige höwesekler bilen söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen režissýorynyň filmlerine tomaşa edenlerinden soň, rus talyplary oňa öz pikirlerini aýtdylar, ine, olaryň biri:
“Sapar Mollanyýazowyň filmleri sadalygy we manysynyň çuňlugy bilen haýran galdyrýar. Ýewropalylaryň medeniýetinden daşda ýaşaýan sada, ýönekeý adamlar hakda gür berýän-de bolsa, režissýor ahyrynda her bir tomaşaçynyň filmiň gahrymanlary bilen duýgudaş bolmagyny gazanýar. Meni, aýratyn-da, hiç hili taýy bolmadyk hünäriň eýeleri hakda gürrüň berýän – çölde suw gözleýän we ahyrynda ony tapýan “Guýy ussasy” filmi haýran galdyrdy”.
Swetlana ÇIRSOWA