Ï Ýurduň demirgazygyndaky Gubadag etrabynda haly kärhanasynyň gurluşygy tamamlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň demirgazygyndaky Gubadag etrabynda haly kärhanasynyň gurluşygy tamamlanýar

view-icon 3374

Gubadag etrabynyň dolandyryş mekezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Daşoguz şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmagynda gurulýan täze kärhanasy önümçilikde zähmeti goramaga  we howpsuzlygy üpjün etmäge bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. 

Bu ýerde halyçylaryň talaba laýyk zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Eriş ýüplüklere ýaramly gyzgynlyk we ýagtylyk düzgünleri saklanjak giň önümçilik otagynyň umumy ölçegi 860 kw. metrden-de köpdür. Täze gurulýan kärhananyň işgärleri üçin naharhana we hammam jaýlary-da göz öňünde tutulypdyr.  

Kärhananyň düzümine: içinde türkmen halysynyň kiçeňräk muzeýi-de ýerleşjek edara binasy, goşmaça jaýlar, ussahana, taýyn önümleriň saklanýan iki sany ammary, ýyladyşhana, suw gaplary we beýlekiler girýär. Häzir bu ýerde bejergi-timarlaýyş işleri doly tamamlanypdyr we kärhananyň çäklerini abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Azady köçesinde ýerleşen el halylary we haly önümleri dokaljak täze kärhananyň umumy meýdany 0,5 gektara barabardyr. Onuň ulanylmaga berilmegi bilen bu etrapda 150 adam iş bilen üpjün ediler.

Tutuş ýurtda bolşy ýaly, onuň demirgazyk sebitinde-de milli halyçylyk däbi dowam etdirilýär. Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň we onuň golçurlarynyň ýüzlerçe ussat halyçysy bu gadymy sungatyň täze formalar bilen baýlaşdyrylmagyna uly goşant goşýarlar we olaryň täze ajaýyp nusgalaryny döredýärler. Çeper elli halyçylaryň  sünnäläp dokaýan halylary ýylyň-ýylyna dürli sergilerde we döredijilik bäsleşikleinde ýokary baha mynasyp bolýar.  

Batyr ÖRÄÝEW

Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN