Ï Türkmen ştangaçylary Daşkentde geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionatynda medal ugrunda güýç synanyşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ştangaçylary Daşkentde geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionatynda medal ugrunda güýç synanyşarlar

view-icon 6352

23-nji maýda Daşkentde başlanan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna Türkmenistandan bäş türgen gatnaşar. Bu barada biziň habarçymyza Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde habar berdiler.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde Daşkentde ilkinji bolup 67 kg-a çenli agramda Bektimur Reýimow orta çykar. Soňra Maksat Myradow, Gaýgysyz Töräýew (ikisi-de 73 kg-a çenli agramda), Şerzad Rustambaýew (89 kg-a çenli agramda) we Atajan Daýyýew (109 kg-den ýokary agramda) medal ugrunda güýç synanyşarlar.

Ýaşlaryň bu çempionatyna 53 ýurtdan 244 agyr atletikaçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryşlar 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 9-njy awgusty aralygynda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaly türgenleri saýlar.

Geçen ýyl ýetginjekleriň dünýä çempionaty COVID-19 pandemiýasy zerarly geçirilmedi. Şol sebäpli bu ýyl Agyr atletikanyň halkara federasiýasy (IWF) 2000-nji ýylda doglan sportçylaryň-da bu ýaryşa gatnaşmagyna rugsat berdi. Bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Myradowa Tokio Olimpiadasyna gatnaşmak ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň geljegine umyt baglanýan bu ýaş türgeniniň ady ilkinji gezek iki ýyl mundan öň eşidilip ugrady. Şonda ol Suwa şäherinde (Fiji Respublikasy) ýaşlaryň arasynda dünýä birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Geçen aýda bolsa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Artur Emirýanyň bu şägirdi itip götermekde we iki görnüşli ýaryşda özüniň şahsy rekordyny goýdy ─ 336 kg (birden götermekde – 147, itekläp götermekde – 189). Şeýlelikde 73 kg agram kategoriýasynda iki sany kümüş medaly gazandy.

Bilermenleriň pikiriçe, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny berkitmek üçin Maksat Meredow ýetginjekleriň bu gezekki dünýä çempionatynda iň ýokary netijäni gazanmaly we Tokiodaky Ýaryşlara gitmek üçin ýetmeýän utuklarynyň üstüni ýetirmeli. Häzirlikçe Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde gatnaşmak üçin Tokio gitmäge aýallaryň ýaryşynda – Kristina Şermetowa (55 kg-a çenli), erkekleriň bäsleşiginde bolsa – Rejepbaý Rejebow (81 kg-a çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-den ýokary) iň gowy mümkinçilige eýedirler.

“AA”-yň habarçysy