Ï Mary welaýatynda galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanýar

view-icon 2565

Ýurduň iň günortasynyň käbir etraplarynda galla oragy başlandy. Bu möwsümde Tagtabazar etrabynyň gallaçylary kombaýnlary ilkinji bolup, meýdanlara çykardylar. Pendi düzlüginde howanyň gyzgynlygynyň beýlekilere görä biraz parhlydygy sebäpli, sümmülleriň başlary eýýäm kemsiz bişip ýetişdi. Mary welaýatynda galla oragynyň köpçülikleýin başlanmagyna sanlyja gün galdy. Bu aralykda umumy galla ýygymyna girişmegiň agrotehniki çäreleriniň toplumyny barlagdan geçirmäge entäk wagt bar.

Murgap jülgesiniň bol hasyl ýetişen 170 gektara barabar zolagynda köpçülikleiýn oraga çykmaga 500-den gowrak kombaýnlar taýýar dur. Galla infrastrukturasy gije-gündiz üznüksiz işlär. Gallanyň kabul edilýän ammarlarynda iş bökdelmez ýaly hasyl tabşyrmagyň tertipnamasy düzüldi we bu işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi. Welaýatda galla daşamak üçin ulanyljak 2500 awtoulaglaryň ählisi-de ýitgi bolmazlygy üçin bejerilip, üstlerine galyň matadan çadyr çekildi.

Soňky ýyllarda galla öndürilýän ýerlere golaý gurlan 45 ammar täze hasyly kabul etmäge doly taýýar. Bu ýerde bassyrmalar, telärler bejerilipdir, bugdaý saklanjak meýdançalar asfaltlanypdyr. Ýükleri çekmek üçin gapanlaryň ählisi welaýat Döwlet standartlar gulluklary tarapyndan barlagdan geçirilipdir. Tabşyryljak hasylyň mukdary we hili boýunça-da berk gözegçilik ýola goýlar. Mary welaýatynyň gallaçylary ÿurdumyzyň harmanyna şu ýyl azyndan 345 müň tonna bugdaý tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Wladimir FROLOW