Aşgabat şäherine ─ 140 ýyl. Bu möhüm waka bagyşlanyp medeni çäreleriň bir toplumy geçirildi. Şolaryň biri-de aýdym-saz festiwalydyr. Bu çäräniň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we türkmen sahnasynyň ussatlary ýaş ýerine ýetirijiler üçin nusgalyk – okuw derslerini geçirdiler. Bu amaly okuw sapaklarynda türkmen kompozitorlarynyň ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabada bagyşlanan aýdymlary ýaňlandy.
Şahyr Atadurdy Gurbanowyň sözlerine kompozitor Welimuhammet Muhadowyň döreden «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy indi ýarym asyra golaý wagt bäri aýdylyp gelinýär we aşgabatlylaryň iň söýgüli aýdymlarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň paýtagtyna bagyşlanan aýdymlaryň «altyn gaznasyna» giren meşhur eserleriň biri-de – şahyr Gara Seýitliýew bilen kompozitor Daňatar Öwezowyň döredijilik hyzmatdaşlygynyň miwesi bolan «Аşgabat» atly aýdymdyr.
Ýöne ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat hakdaky aýdymy» radioda we telewideniýede iň köp ýaňlanýan esere öwrüldi. Bu aýdymy öz wagtynda Medeniýet Şahberdiýewa we başga-da ençeme ussat aýdymçylar aýdypdylar. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň «Aşgabat hakdaky aýdymy» aýdyşyny bolsa meşhur kompozitoryň özi has gowy görüpdir. Häzir aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda "Altyn bariton" adyny alan Atageldi Garýagdyýew sazçylyk mekdebinde okaýan wagtynda bu aýdymy ilkinji gezek ýerine ýetirende ony tötänlikde diňlän Nury Halmämmedow begenjine: "Men bu aýdymy şeýle şirin sesli aýdymçy üçin ýazypdym!" diýipdir. Nusgalyk – okuw sapaklarynda Atageldi Garýagdyýew ýaşlar üçin bu aýdymy ýene-de bir gezek aýdyp berdi.
Şeýle-de Baýram Hudaýnazarow, Çary Nurymow, Aşyr Abdyllaýew we beýleki ençeme türkmen kompozitorlary öz eserlerini paýtagtymyz Aşgabada bagyşladylar.
Roman TEPLÝAKOW