Geçen taryhy döwürde güneşli türkmen ülkesine syýahat edenleriň arasynda meşhur amerikan şahyry we ýazyjysy Lengston Hýuzyň adyny ýatlamazlyk mümkin däldir. «Jaz žanrynyň poeziýasyny» açan şahyr Lengston Hýuz 1932-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Merkezi Aziýanyň birnäçe şäherlerine syýahat edýär.
Ol Daşkende, Buhara, Samarkanda aýlanyp çykýar, iň soňunda-da ýoly Aşgabadyň üstünden düşýär. Ol ýoldaşlary bilen şol wagtky Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäheriniň üstünden deňizden aňyrlygyna geçip gitmeli bolansoň demirýol otlusynda Özbegistandan Türkmenistanyň paýtagtyna gelýär. Ýöne tötänlikde ýoldaşlaryndan aýrylyşyp, Aşgabadyň wokzalynda ýeke galýar.
Ne türkmen, ne-de rus dilini bilýän Lengston Hýuz elleriniň we yşaratlaryň kömegi arkaly wokzalyň nobatçysyndan özüne dilmaç tapyp bermegini haýyş edýär. Oňa Aşgabadyň gazetleriniň biriniň redaktory kömege ýetişýär, ol fransuz dilinde : «Bonjour, comrade!» – diýip, amerikaly myhmana ýüzlenýär. Soňra bu jahankeşdäni şäheriň myhmanhanasyna ýerleşdirýärler we oňa bir dilmajy berkidýärler.
Ýazyjy bu ýerde öz başyndan geçen wakalary aýratyn bir kitapçada ýazyp beýan edýär. 1934-nji ýylda aýratyn kitapça görnüşinde çap edýär. Ol soňra gaýtadan neşir edilýär we «I wonder as I wander» («Azaşanlygym üçin gezelenjim meniň üçin örän gyzykly») diýlen at bilen giňden meşhurlyk gazanýar.
Aşgabatda we Garagum çölünde gören-bilen zatlaryndan galan täsirleriň netijesinde Lengston Hýuz şygyrlary döredýär.
Ýazyjy soňra Türkmenistana syýahatyny Merwde (Maryda) dowam edýär. Ine, onuň ýol ýazgylaryndan parçalar:
«Güýzde Merkezi Aziýanyň haýsy bir ekerançylyk zolaklarynda otludan düşseňiz siziň daşyňyzy pagta meýdanlary gurşap alar. Obalaryň, hat-da uly şäherleriň köçelerinde-de haýsydyr bir alamatlar size pagtаny ýatladar.
Ähli ýollarda ala-tozanyň içinde zordan görünýän düýelere, pagta hasyly ýüklenen arabalara duş gelersiňiz. Olaryň üstüne ýüklenen gaňarlar, çuwallar fabriklere we ammarlara eltilip tabşyrylýar. Şäherleriň daşyna çykyp, çar tarapyňyza seretseňiz, dumly-duşuňyzda ak patrak ýaly açylan gymmatbahaly gozalary görersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň günortasynda-da edil şeýle ýagdaýy synlamak mümkin. Jorjiýa, Missisipi, Alabama ştatlarynda-da ýol ýöreseňiz ýüzlerçe mil aralykda hökman günüň şöhlesine ýalkym atýan pagta meýdanlarynyň arasyndan geçip gidersiňiz. Ýöne bizde düýelere gabat gelmersiňiz, bizde pagtany gatyr goşulan arabalara ýükläp fabriklere äkidýärler».
«Men pagta ýygymynyň tüýs gyzgalaňly möwsüminde Merwiň etegindäki Nedirbaý Aýtakow adyndaky kolhozda boldum. Kolhozyň başlygy bizi pagta meýdanyna alyp gitdi. Bu ýerde aýallaryň uly topary çogdam ösüp oturan gyrymsy gowaçalaryň üstüne eglip pagta ýygýardylar çalt-çaltdan atyzdan-atyza geçip gidýärdiler».
Amerikaly şahyr uzak wagtlyk gezelençde düşüren fotosuratlaryny, türkmen halkynyň myhmansöýerligi hakda mähirli ýatlamalaryny kitapça görnüşde öz ildeşlerine ýetiripdir.
Swetlana ÇIRSOWA