mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 4745

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 96-njy maddanyň ikinji böleginiň soňky tesiminde we 169-njy maddanyň ýedinji böleginde «ulanyş tölegleriniň» we «Ulanyş tölegleri» diýen sözleri degişlilikde «ulanyş tutumlarynyň» we «Ulanyş tutumlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 105-nji maddanyň ikinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan taraplardan çig nebit we gaz kondensaty satyn alnyp, olaryň gaýtadan işlenilmeginden alnan önümleriň eksport edilmegi. Goşulan baha üçin salgydyň bu möçberini ulanmagyň hökmany şerti, bu — eksport etmekligiň gönüden-göni şular ýaly gaýtadan işlemekligi amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar tarapyndan amala aşyrylmagy. Şunda salgyt salmak maksady bilen, harytlary eksport etmek diýlip, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilendiginiň bellenen tertipdäki tassyklanmasy bolan halatynda, harytlaryň Türkmenistanyň daşyna çykarylmagyna düşünilýär;»;

3) 122-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan taraplardan çig nebit we gaz kondensaty satyn alnyp, olaryň gaýtadan işlenilmeginden alnan önümleriň eksport edilmegi goşmaça töleg tölemekden boşadylýar. Şular ýaly boşatmany ulanmagyň hökmany şerti, bu — eksport etmekligiň gönüden-göni şular ýaly gaýtadan işlemekligi amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar tarapyndan amala aşyrylmagy.»;

4) 154-nji maddanyň ýedinji böleginiň ýigrimi ikinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda esasy gorlara (serişdelere) gaýtadan nyrh kesmegiň netijesindäki oňyn tapawuda degişli ulanyş tutumlary.»;

5) 157-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«157-nji madda. Ulanyş tutumlary

1. Salgyt töleýji tarapyndan girdeji almak üçin peýdalanylýan esasy serişdeler we maddy däl aktiwler boýunça ulanyş tutumlary salgyt salynýan peýdany kesgitlemek üçin kabul edilýän aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.

Ulanyş tutumlaryny hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu maddada bellenen tertip we ölçegler ulanylýar.

2. Düýpli häsiýetli harajatlar salgyt töleýjiniň çykdajylaryna (aýyrmalaryna) ulanyş tutumlarynyň üsti bilen goşulýar.

Ulanyş tutumlary geçirilýän emlägiň bahasyna şu bitewi Kanunda aýyrmalar hökmünde kabul edilýär diýlip göni görkezilen düýpli häsiýetdäki harajatlar goşulmaýar.

3. Buýrujy tarapyndan bellenilen tertipde işe girizilmedik ýa-da esasy serişdeler hökmünde hasaba kabul edilmedik gurluşyk desgasy ulanylan mahaly, ulanyş tutumlary hasaba kabul edilen esasy serişdeler ýaly aýyrmalar hökmünde goşulýar. Görkezilenler şunuň ýaly beýleki halatlarda hem ulanylýar.

4. Kärendesine (kireýine) berlen emläk boýunça ulanyş tutumlary kärendä (kireýine) beriji tarapyndan amala aşyrylýar.

Lizinge berlen emläk boýunça ulanyş tutumlaryny lizinge alyjy töleýär.

5. Ulanyş tutumlary geçirilýän esasy serişdeleriň (aktiwleriň) düzüminden şular çykarylýar:

muzdsuz alnan esasy serişdeler we maddy däl aktiwler;

medeni miras we muzeý gymmatlyklary;

kitaphana gaznasy;

ulanyş tutumlary doly alnanlar;

ulanyşa girizilmedik esasy serişdeler;

peýdalanmak maksadyna garamazdan, telekeçilik däl edara görnüşli taraplaryň, býujetdäki guramalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň aktiwleri.

6. Maddy däl aktiwler boýunça geçirilýän ulanyş tutumlary diňe Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen şertler berjaý edilende we olaryň hakykatda girdeji almak üçin peýdalanylandygy tassyklananda aýyrmalar hökmünde hasaba alynýar.

7. Esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň anyk möçberleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, esasy serişdeleriň toparlara bölünen görnüşlerine hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň aňryçäk möçberleriniň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň I böleginiň 2-nji we 3-nji bentleri degişli däldir.

III. Şu Kanunyň I böleginiň 2-nji we 3-nji bentleri 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan herekete girizilýär hem-de 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.