Ï Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary täzeden döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary täzeden döredilýär

view-icon 3238

Şu günler Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, olary täzeden döretmek we düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar we döwletimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we halkara hukuk kadalaryna laýyk derejede, açyklyk, aýanlyk we bäsdeşlik ýörelgelerine mahsus geçirilmegi saýlaw toparynyň öňünde durýan esasy wezipedir.

2016-njy ýylyň iýun aýynda döredilen welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda we Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, bu düzümler Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Olaryň saýlawlary köp partiýalylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýär. Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.

Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp, her mejlisde we ýygnakda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň düzümine diňe bir wekil hödürlenilip bilinýär.

Saýlaw toparlarynyň düzümine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň maksatlaryna we ähmiýetine hem-de saýlaw kanunçylygyna düşünýän, islendik ýaşdaky, dürli pudaklarda zähmet çekýän tejribeli hünärmenler hödürlenilýär. Olar geljekde öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, ýurdumyzda saýlaw möwsümleriniň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge işjeň gatnaşarlar.

Şu nukdaýnazardan, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi hem geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar. Şeýlelikde, olar döwletimiziň demokratik ýörelgeleriniň berkidilmegini üpjün ederler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi