Ï Ýaşlaryň režissura sungaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlaryň režissura sungaty

view-icon 3976
Ýaşlaryň režissura sungaty
Ýaşlaryň režissura sungaty
Ýaşlaryň režissura sungaty
Ýaşlaryň režissura sungaty

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uçurym-talyplary diplom işlerini goradylar. Ýaş režisýorlar synag toparynyň agzalarynyň dykgatyna tutuş okuw ýylynyň dowamynda düşüren awtorlyk filmleriniň 12-sini hödürlediler.

Gysga metražly filmleriň näme hakda gürrüň berýändigi, ýaşlary döredijilige nämäniň höweslendirýändigi barada uçurymlaryň halypasy, ses operatory, režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Sapar Mollanyýazow şeýle diýýär:

Her filmiň özboluşly taryhy bar. Ýaşlar olaryň ýordumyny ähli ýerden gözleýärdiler, şonda-da durmuşyň özi olar üçin ylham çeşmesidi. Milli medeniýet, onuň kökleri we mirasymyz talyplarda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçinem teklip edilen işlerde türkmen folkloryna, kino we telewideniýe artistlerine, milli saz gurallaryna we bagşyçylyk sungatyna, şeýle hem ýurdumyzyň baş muzeýine bagyşlanan işler bar.

Milli tagam taýýarlamak sungaty-da ünsden düşürilmedi. Uçurym Kerim Nepesow öz filmini türkmen saçagynyň baş tagamy – dograma bagyşlapdyr. Bu tagamyň taýýarlanyş aýratynlyklaryny we hakyky usulyny öwrenmek üçin ol Mara gidip, şol ýerde film düşüripdir.

Gulmyrat Gullyýewiň ahal-teke bedewlerine bagyşlanan awtorlyk filmi bu tohum atlaryň ýetişdirilişi we täze atçylyk-sport toplumlarynyň işe girizilişi barada gürrüň berýär.

– Filmleriň temasy dürli-dürli – diýip Sapar Mollanyýazow gürrüňini dowam edýär. – Olar milli şaý-seplerden başlap kürtä çenli milli medeni mirasyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Talyplar taryh bilen häzirki döwrüň utgaşygyny görkezmegiň hötdesinden gelipdirler. Özüm-ä höwesjeň fotosuratçy Muhammet Amanmämmedowyň ussahanasy hakda gürrüň berýän işi haladym. Talyp gyzymyz her gün nakgaşyň ussahanasynyň deňinden geçýän ekeni, onsoň Muhammede üýtgeşik ösümlikler ýetişdirip, şäher merkezinde janly tebigat dünýäsini nähili döredişi barada film düşürmegi ýüregine düwüpdir.

Ýaş režisýorlar entek gutardyş synaglaryny tabşyrmaly bolsalar-da, eýýäm ilkinji ädim ädildi. Geljekki kino we telewideniýe işgärleriniň diplom işlerine synag toparynyň agzalary gowy baha berdiler. Gysga metražly filmleriň ählisi döredijilik ýokary okuw mekdebiniň arhiwinde saklanylar.

Swetlana Çirsowa