Kononenko täze wezipä bellenildi

eye
1859
Kononenko täze wezipä bellenildi

21-nji ýiunda doglan ildeşimiz, kosmonawt Oleg Kononenko täze wezipä bellenilldi. «Роскосмос» korporasiýasynyň baştutany Dmitriý Rogoziniň karary bilen ol dolandyrylýan kosmanawtika boýunça baş direktoryň ýörüte wekili wezipesini eýeledi.

D.Rogozin: «Ol bu bölüme birikme serkerdesi hökmünde ýolbaşçylyk eder, şeýle hem birikme tarapyndan raketa-kosmos tehnikasynyň döredilişiniň gidişine goşmaça toparlaýyn gözegçiligi amala aşyrýan wezipeleriň birnäçesini ýerine ýetirer» - diýdi.

«Роскосмос»-yň baştutanynyň aýtmagyna görä, birikme serkerdesi O. Kononenko onuň «sag eli» bolar. Kosmonawtlar birikmesi bilen «Роскосмос»-yň özara gatnaşyklarynda ildeşimize möhüm we jogapkärli iş ynanylýar. Ol kosmos tehnikasynyň döredelişine gönüden-göni gatnaşar,ergonomika, howpsuzlyk meseleleri, interfeýs bilen gämi dolandyrýan adamyň, gäminiň özi bilen aragatnaşygy ýeňilleşdirmek babatda konstruktorlara, inženerlere öz pikirini aýdar we olaryň göz öňünde tutulmagyny gazanar. Munuň özi uçup-gonýan Aý tehnikalary döredilende has möhümdir.

Oleg Kononenko 15 ýyl synag ediji-kosmonwat-instruktor – kosmonawtlar birikmesiniň serkerdesi wezipesinde işledi. Onuň kärine ussatlygy we uzak wagtlaýyn uçuşlarda toplan ägirt tejribesi üstünlikler gazanmagyna hem-de wezipe basgançakalryndan galmagyna getirdi.

Ildeşimiz hemişe dogduk ili bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar, türkmenistanlylar hem onuň işinde gazanýan üstünliklerine guwanýarlar. O. Kononenkonyň şu supatlaryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow onuň geçen ýylky doglan güni myansybetli iberen gutlagynda belläpdi.

Dmitriý Rogozin golaýda geçirilen Peterburg halkara ykdysady forumynda ony şu wezipä belländigini ýene bir gezek tassyklady. Ol şeýle hem O. Kononenkonyň ýakyn wagtda uçuş taýýarlygy maksatanamalary boýunça Kosmonawtlary taýýarlamak merkezine hem kömek etjekdigini belledi. Bular kosmonawtlar birikmesiniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar, kosmonawtlar baş kompaniýa bolan «Роскосмос»-yň hataryna girdiler we onuň kärhanalarynda ýolbaşçylaryň wekilleri boldular.

Oleg Dmitriýewiçiň doglan güni mynasybetli gutlaglara goşulýan türkmenistanlylar älemi özleşdirmekdäki çylşyrymly we jogapkärli işinde ildeşimize üstünlikler arzuw edýärler.

Ogulgözel Rejebowa