Ï Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah

view-icon 4418
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah
Sarry Garryýew -- «Aladdiniň jadyly çyrasyndaky» arwah

1966-njy ýylda «Müň bir gije» arap ertekilerinň äheňinde düşürilen «Aladdiniň jadyly çyrasy» atly film kino ekranlaryna çykdy. Film Türkmenistandan has uzakda, Maksim Gorkiý adyndaky çagalar we ýetginjekler filmleriniň Merkezi kinostudiýasynda surata düşürilipdi, ondaky baş keşpleriň birini türkmen aktýory Sary Garryýew janlandyrypdy.

Sary artist bolmak barada pikirem etmeýärdi. Ol 1906-njy ýylda çetki türkmen obalarynyň birinde düýnä inýär, mekdebi tamamlandan soň demir ýol-abatlaýyş zawodynda işläp başlaýar. Hünärine ökde işçileri taýýarlaýan fabrik-zawod şägirltigi okuwyna girýär we tizara wagon-abatlaýyş ussahanasynda işläp başlaýar. Şol döwürler zawodyň ýanynda işlän çeper höwesjeňler gurnagy Sarynyň döredijilik ukubynyň açylmagyna ýardam edipdi.

Özüne çekijiligi we güýçli artistlik zehini Saryny Aşgabada getirdi, bu ýerde ilkinji teatr studiýasy döredilip, ol soňy bilen Türkmen drama teatryna öwrülipdi. Heniz 1941-45-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanmanka artist teatr sahnasynda we filmlerde dürli keşpleri döredipdi.

Sary Garryýewem beýleki köplük ýaly urşa gidýär, Stalingrad (häzirki Wolgograd) ugrundaky söweşleriň birinde agyr ýaralanyp, 1943-nji ýylda Watana gaýdyp gelýär. Ony Aşgabat kinostudiýasyna işe kabul edýärler, şol döwürden başlabam kino artisti hökmünde kämilleşip ugraýar.

Türkmen milli kinosynyň muşdaklary onuň «Aşyr aganyň hötjetligi» aýdym-sazly kinokomediýasynda Aşyr aganyň, «Japbaklar», «Meniň dostum Meleguş», «Döwranyň başdan geçirlenleri», «Aýgytly ädim», «Aýna» we beýleki filmlerdäki ýatda galyjy keşpleri döredendigini gowy bilýändirler. Şeýle bolsa-da, Sary Garryýew «Aladdiniň jadyly çyrasy» atly filmde surata düşenden soň soýuz derejesinde tanymal boldy.

Filmiň režisýory Boris Rysarýow Saryny synabam durman, oňa arwahyň keşbini döretmegi ynandy. Türkmenistanly aktýory «Türkmenfilm» kinostudiýasynda düşürilen filmlerden gowy bilensoň, ony bu filmde surata düşmäge çagyrypdy. Şol filmi döreden döredijilik toparynyň işgärleriniň biri, ine, şeýle diýýär:

«Sary roluny oýnajak bolmaýardy, asla onuň kamaty-bolşy mekir, eserdeň we ýalta gije garawulynyň agynjak özidi. Eýmenç bir zadyň gürrüňini edende, alagaraňkylykda onuň gözleri syrly ýalpyldaýardy. Menem beýlekiler ýaly üýtgeşik wakany durşuma gulaga öwrülip diňläp oturdym, birdenem gije garawulynyň murt-sakalynyň arasyndan maňa arwah – hakyky arwah! – bakan ýaly boldy».

Kino tankytçylary onuň adyna jadyly çyrada ýaşaýanlaryň iň gowusy, ajaýyp aktýor, komiki rollaryň ussady we beýleki öwgüli sözleri aýdýardylar. Sary Garryýew «Aladdiniň jadyly çyrasy» atly filmde surata düşenden soň tanymallyk derejesine çykan bolsa-da, şan-şöhrady ony üýtgetmedi. Sary aga ömrüniň ahyryna çenli ozalkysy ýaly wäşi, alçak we päk göwünli adam bolup galypdy.

Swetlana Çirsowa