Ï Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

view-icon 3979

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersiteti (RHOU) – Soçi şäherinde (Russiýa Federasiýasy) ýerleşýän dünýäde ilkinji sport telekeçiligi bilimi ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdi.

Resminama garyşyk görnüşde geçirilen hünärmen-uçurymlara diplom gowşurmak dabarasynyň çäklerinde gol çekildi. Ylalaşyk Türkmenistanda olimpiýa hereketi we sport ulgamynda ýokary hünärli sport menejerleri taýýarlamakda ýakyn gatnaşyklary göz öňünde tutýar. Sport menejmenti häzirki zaman bazary şertlerinde sport medeniýeti kärhanalaryny netijeli doalndyrmagyň taglymatyny we iş tejribesini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Baş sekretary Eziz Döwletow iňlis dilli «Sport edara dolandyrşynyň ussady» («Master of Sport Administration») maksatnamasynyň uçurymlarynyň biridir.

«Sport edara dolandyrşynyň ussady» (MSA) – RHOU-nyň dünýä we russiýa sport pudagy üçin häzirkizaman menejerlerini taýýarlamagyň esasy maksatnamasydyr. Ol her ýyl Sport Business International žurnalynyň sport menejmenti boýunça okuwlarynyň ählumumy görkezijisinde öz ýokary derejesini tassyklap gelýär.

Maksatnamanyň uçurymlarynyň arasynda şeýle hem Russiýanyň, Albaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Belgiýanyň, Müsüriň, Hindistanyň, Kipriň, Günorta Koreýanyň, Marokkonyň, Ugandanyň we Ekwadoryň wekilleri bar. Olaryň ählisi russiýaly syýasy işgär Wladimir Potaniniň Gaznasynyň we RHOU-nyň bilelikdäki başlangyjy esasynda döredilen «Olimpiýa Stipendiýalaryny» aldylar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Baş sekretary Eziz Döwletow bu stipendiýa Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) adyndan mynasyp boldy.

Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetiniň okuw maksatnamalarynda desgalary we düzümleri dolandyryş, ýaryşlary guramak, köpçülikleýin kommunikasiýalar, diplomatiýa we edara dolandyryşy ýaly sport biliminiň esasy ugurlarydan ders berilýär. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda sport menejmentinde tanymal russiýaly we halkara bilermenleri bar. Uniwersitetiň 2009-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) bilen «Soçi-2014» Guramaçylyk komitetiniň hem-de Russiýanyň Olimpiýa Komitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda döredilendigini bellemek gerek.

Aýjahan Ataballyýewa