Ï Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy

view-icon 5067

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

“Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmagy hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümi tassyklanyldy.