Ï Çaganyň hukuklaryny goramak ugrunda geçirilýän aň-bilim işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çaganyň hukuklaryny goramak ugrunda geçirilýän aň-bilim işleri

view-icon 5789
Çaganyň hukuklaryny goramak ugrunda geçirilýän aň-bilim işleri

Tomus kanikullary döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň goldaw bermeginde Ombudsmeniň edarasy, Bilim ministrligi bilen bilelikde Gökdere çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin okuw seminarlaryny geçirýär.

Maglumat sessiýalarynyň barşynda çagalar çaganyň iň ýokary bähbitlerini, onuň ösüşini we jemgyýetçilik integrasiýasyny üpjün etmegiň ýoly hökmünde Çaga hukuklary baradaky konwensiýanyň düzgünleri we esasy ýörelgeleri bilen tanyşýarlar, şeýle hem şu ugra degişli milli kanunçylyk pudagy boýunça bilim derejelerini artdyrýarlar. Seminarlar interaktiw formatda geçirilýär, ahyrda bolsa çagalar Çaga hukuklary baradaky konwensiýasynyň alternatiw hasabatyny taýýarlamak üçin ulanyljak ýörite soragnamalary doldurýarlar.

“ÝUNISEF soňky 5 ýylda çaga hukuklary barada aň-bilim derejesini ýokarlandyrylmagyny goldaýar. Häzirki wagtda çaga hukuklary boýunça köpden bäri işleşýän hyzmatdaşymyz Milli Geňeş Mejlisiniň bu işe doly ýolbaşçylyk edýändigine we ony gurnaýandygyna begenýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea “Nebitçi” tomus lagerine baranda aýtdy.

Şu güne çenli okuw sapaklary “Ýaşlyk” we “Nebitçi” çagalar saglyk merkezlerinde geçirildi, tomsuň ahyryna çenli ýene üç sagaldyş merkezine gatnaşmagy meýilleşdirýäris. Bu okuwa ýurduň çar künjeginden 120-den gowrak çaganyň gatnaşjakdygyny we öz isleýän geljegi barada pikirlerini paýlaşjakdygyny bellemelidiris.

Aýjahan Ataballyýewa