Ï Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň çagalar saglygy goraýyş ulgamyna täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň çagalar saglygy goraýyş ulgamyna täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny berdi

view-icon 6000

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda sebitiň keselhanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» ulaglarynyň 10-syny berdi.

Döwlet Baştutanymyz munuň üçin «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezine gelip, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň welaýatyň keselhanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny bermegi karar edendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny halkara talaplara laýyklykda hünärmenler, derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça uly möçberli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri milli Liderimize ýaş raýatlaryň, halkymyzyň saglygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin tejribelerini we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Surata düşüren Meret Rozyýew