Ï Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistan bilen işleşjek Hökümetara Komissiýanyň düzümini tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistan bilen işleşjek Hökümetara Komissiýanyň düzümini tassyklady

view-icon 4374

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew anna güni buýruklara gol çekdi we Türkmenistan bilen ykdysady hem ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň Azerbaýjan böleginiň düzümini tassyklady, – diýip, Azerbaýjanyň köpçüliklerýin habar beriş serişdeleri habar berýärler.

Türkmenistan bilen Azerbaýjany aňyrdan gelýän dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar birleşdirýär, bu bolsa iki dogan halkyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy we medeni umumylygy bilen şertlenendir. Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygy täze anyk mazmuna eýe bolýar, çünki umytly geljegi bolan bu iş üçin amatly mümkinçilikler bardyr.

Ýurtlaryň ikisi-de adaty ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sportdur syýahatçylyk pudaklaryndaky özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär.

2018-nji ýylyň awgust aýynda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky konwensiýadan ugur almak bilen, hazarýaka döwletleriň bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygynyň degişli hukuk binýadyny döretmek ýaly derwaýys tema iki tarap üçinem möhümdir.

2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanyň iki günlük resmi sapar bilen Bakuwa baryp-gaýdandygyny ýatladalyň. Bu duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlary Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk baradaky Bilelikdäki Jarnamany-da öz içine alýan resminamalar toplumyna gol çekdiler. Taraplar, şeýle hem, hyzmatdaşlygyň giň sanawy: adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak, Hazar deňzinde täjirçilik gämi gatnawy, senagat desgalarynyň howpsuzlygyny we emlägini kanuny goramak, awtorlyk hukugy, ekologiýa, salgyt kanunlary baradaky resminamalara gol çekdiler.

Şeýle hem, 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana saparynda iki döwletleriň Baştutanarynyň duşuşygy bolup geçdi.

Taraplar energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk we tehnologik pudaklaryny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlediler.

Duşuşygyň barşynda döwletleriň çäklerini we port infrastrukturasyny ulanmak bilen Gündogar – Günbatar ugry boýunça ulag we üstaşyr geçme meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijelri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi.

 TaýýarlanJanmämmet Gulamow