Ï Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

view-icon 5423

Türkmenistanly mekdep okuwçylary – Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan 24-nji iýul aralagynda Sankt-Peterburgda geçirilen 62-nji Halkara matematika olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldular.

Nagym Taňrygulyýew bilen Jennet Zamanowa 14 utuk, Muhammetmyrat Goçmyradow 12 utuk gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Didar Gaýypow bilen Emir Wellekow hormat hatyna mynasyp boldular. Toparyň hatarynda Hajymuhammet Ataýew hem bardy.

Baýraklaryň köpüsini Hytaýyň ýygyndysy eýeledi, Russiýa – ikinji orna düşdi.

Bäsleşige gatnaşanlary Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Irina Potehina, Halkara matematika olimpiadasynyň prezidenti Jeff Smit, IMO 21 eminler toparynyň başlygy Nazar Agahanow, şeýle hem dünýä belli matematik, Fildiň Baýragynyň eýesi Stanislaw Smirnow gutladylar.

Irina Potehina: «Häzirki wagtda täze koronawirus ýokanjyna garşy ýarag oýlap tapmakda matematika esasy orun tutýar» - diýip nygtady.

Halkara matematika olimpiadasyna dünýä ýurtlarynyň 107-sinden 600-den gowrak okuwçynyň gelendigini bellemek gerek.

Aýjahan Ataballyýewa