Ï Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy

view-icon 7702

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalyna Tokioda geçýän Oýunlarda şu gün aşgabatly sport ussady Polina Gurýewa mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu ýeňşi 14 ýurduň 59 kg çenli agram derejesindäki wekilleri bilen bäsleşikde gazandy.

Iki görnüşli ýaryşda türkmen agyr atletikaçysy özi üçin rekord netijäni (217 kg) gazanmak bilen (silkip – 96 kg, itekläp – 121 kg), üçünji orny eýelän Ýaponiýaly türgen Mikiko Andodan (silkip – 94) kg, itekläp – 120 kg) 3 kg öňe geçdi. Bu agyrlyk kategoriýasynda silkip götermekde (103 kg), itekläp götermekde (133 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (236 kg) netije görkezmek bilen, üç olimpiýa rekordyny goýan dört gezek dünýä çempiony, 12 dünýä rekordynyň eýesi Kuo Sing-Çžun (Taýwan) öňde barýardy.

Polina Gurýewa sport bilen 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli meşgullanýar. Ol ilki gimnastika bölümine gatnaşdy, soňra agyr atletika bilen meşgullanmaga girişipdi. Ajaýyp jynsyň wekili üçin aňsat bolmadyk bu kyn sportuň esaslaryny oňa ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýew öwretdi, hut şonuň ýolbaşçylygynda-da Polina 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilen Yslam ýurtlarynyň IV raýdaşlyk oýunlarynda altyn medal gazandy. Häzirki wagtda P.Gurýewa Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Artur Emirýandan tälim alýar.