Kalp päkliginden, niýet aklygyndan kemala gelen mukaddeslik düşünjesi rowaçlyk sallançagyndan badalga alanda, ol ilki bilen maşgala binýadyny berkidýär. Şol durmuşuň esasy binýady hem biziň gelejegimiz bolan çagalardyr. Çagalarda has irki döwürlerden başlap,eziz Watanymyza bolan söýgini, ulylara hormat goýmagy, päkýüreklilik, zahmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň çagalarynyň Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Bu günler Türkmen döwlet gurjak teatrynda hem çagalar we ýetginjekler üçin sahna oýunlary görkezilyar. «Maşa we aýy» atly sahna oýnuny Türkmenistanyň at gazanan artisti Mammetýarowa Amangül sahnalaşdyrypdyr. Maşajygyň atasynyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdiýew, şeýle-de Maşanyň enesiniň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artisti, "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy" ýubileý medalynyň eýesi Zyýada Kakalyýewa ýerine ýetirýär.
Bu sahnalaşdyrylan eserleriň üsti bilen çagalara edepli-tertipli bolmak, ýaşuly adamlara hormat goýmak, şeýle-de özüňi göreldeli alyp barmak ündelýär.
Türkmenistanyň at gazanan artisti-reźisiýor Döwlet Hanmämmedowyň «Iň hezil gün» atly sahna oýnunda ussat artistler Bibitaç Nyýazowa, şeýle-de 2002 -nji ýylyň Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň altyn asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi Atajan Baýramdurdyýew we başga-da zehinli ýaş artisler hem gatnaşýarlar. Oňa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem ýaşajyk çagalar tomaşa edip bilerler.
Azady Myradow