Ï «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler

view-icon 3248

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. 

Şeýle hem “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde Dokma senagaty ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 90 göterim hem-de ministrligiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezine esaslyk maýadaky paýy 10 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.